Aziýanyň Kubogynyň hereket edýän çempiony ýaryşdan çykmaly boldy

0
466
0
0

Aşgabat, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Aziýanyň Kubogy — 2015. 23-nji ýanwar. Sidneý. “Awstraliýa Stedium” stadiony. 19 094 tomaşaçy.

ÝAPONIÝA — BAE — 1:1 (0:1) (11 metrlik urgular boýunça 4:5)

Pökgüleri geçirenler: Ali Mabhut (7) — 0:1, Sibasaki (81) — 1:1.

Ýaponiýa: Kawasima, Sakai, Ýosida, Morisige, Nagatomo, Hasebe, Honda, Endo (Sibasaki, 54), Kagawa, Inui (Muto, 46), Okadzaki (Toýoda 65).

BAE: Madjed Naser, Abdelaziz Sankur, Mohamed Ahmad Garib, Mohanad Salem, Ismail Al-Hammadi, Hamis Esmail, Amer Abdulrahman (Hassan Madžid, 54), Ali Ahmed Mabhut, Omar Abdulrahman, Ahmed Halil (Habib Al-Fardan, 58), Abdulaziz Huseýn Haýkal (Ismail Ahmed 76).

Duýduryş alanlar: Al-Hammadi (26), Hamis Ismail (45+2), Ismail Ahmed (116), Omar Abdulrahman (119).

Emin: Alireza Fagani (Eýran).

Aziýanyň Kubogynyň 2011-nji ýyldaky ýeňijisi Ýaponiýanyň ýygyndysy bu ýaryşyň toparçadaky tapgyryny örän üstünlikli geçdi. Hawýer Agirräniň şägirtleri ýekeje pökgi hem geçirtmän, üç duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazandylar. BAE-niň ýygyndysy hem garaşylyşyndan hem oňat oýnap toparçada ikinji orny eýeledi.

Duşuşygyň 2-nji minutynda Mabhut Kawasima bilen bir bire çykdy, ýöne pökgini özünden uzagrak goýberensoň derwezä tarap urup bilmedi. Muňa garamazdan 5 minut geçip geçmän, oňa öz maksadyna ýetmek başartdy. Mabhut garşydaşyň jerime meýdançasynda pökgini Kabul edip ajaýyp urgy bilen Kawasimany derwezesinden pökgi çykarmagy mejbur etdi — 0:1. Ýaponiýalylara arakesmä çenli jogap pökgüsini geçirtmek başartmady. Şonuň üçin Hawýer Agirräniň oýunçy çalşygyny geçirmegini geňläp oturasy iş ýok. Ilki futbol meýdanynda Ýosinori Muto, soňra bolsa Gaku Sibasaki girdi.

Günüň dogýan ýurdunyň topary bar güýjini orta goýup hüjüm etdi. Araplar hil boýunça däl-de, esasan san boýunça gorandylar. Ýöne pökginiň derwezä giresi gelenokdy. Muňa garamazdan ýapon futbolçylaryna ahyrsoňy hasaby deňlemek başartdy. 81-nji minutda Honda pökgini Sibasakä geçirdi, ol bolsa derwezäniň bir burçuna gönükdiren pökgüsi bilen hasaby deňledi.

Şeýlelikde, oýun goşmaça wagtda dowam etdi. Elbetde, ýaponlylar oýny öz elinde saklamagy dowam etdiler. Iň amatly pursat 117-nji minutda bolup geçdi. Ýöne Sibasakiniň urgusy sütüne degdi. Netijede edil Yragyň we Eýranyň ýygyndylarynyň duşuşygyndaky ýaly, oýundan soňky 11 metrlik urgulary ýerine ýetirmeli boldy. Şu pursatda şowlulyk BAE-niň toparynyň tarapynda boldy, arap futbolçylary garaşylmadyk ýeňiş gazandylar. Ýaponiýanyň ýygyndysyndan toparyň ykrar edilen öňdebaryjylary Keýsuke Honda we Sindzi Kagawa urgulary dürs ýerine ýetirip bilmediler.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru