Eýranly türkmeniň pökgüsi Eýranyň ýygyndysyny ýarym finala çykaryp bilmedi

0
497
0
0

Aşgabat, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Aziýanyň Kubogy — 2015. 23-nji ýanwar. “Kanberra” stadiony (Awstraliýa). 18 921 tomaşaçy.

EÝRAN — YRAK — 3:3 (1:0) (11 metrlik urgular boýunça 6:7)

Pökgüleri geçirenler: Azmun (24) — 1:0, Ýasin (56) — 1:1, Mahmud (93) — 1:2, Puraligandži (103) — 2:2, Ismail (116) (11 metrlik urgudan) — 2:3, Guçannedžad (119) — 3:3.

Eýran: Hagigi, Puladi, Hosseýni, Puraligandži, Hadži Safi, Teýmurýan, Nekunam, Dežaga (Guçannedžad, 84), Şodžai, (Amiri, 46), Gafuri, Azmun (Džahan Bakş 63).

Irak: Haşim, Ahmed Ibragim, Kasim, Aziz (Husseýn, 46), Ýasin Geni (Al-Muntafik, 107), Mahmud, Şakir, Ismail, Abdulzehra (Ali Adnan, 65), Abdulamir, Al-Lami.

Duýduryş alanlar: Puladi (22), Teýmurýan (90) — Ahmed Ibragim (2), Kasim (68), Al-Lami (90+2), Ali Adnan (95), Mahmud 100, Abdulamir (102), Husseýn (120).

Oýundan çykarylan: Puladi (43).

Emin: Uilýams Benžamin (Awstraliýa).

Penşenbe güni Aziýanyň Kubogy — 2015-de iki ýarym finalçy mälim edildi. Koreýa Respublikasynyň we Awstraliýanyň ýygyndylary şeýle hukuga eýe boldular. Anna güni bolsa galan iki çärýek final duşuşyklary geçirildi. Koreýalylaryň garşydaşy Eýran — Yrak duşuşygynda mälim edilmelidi. Braziliýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan eýranlylar Karluş Keýruşyň ýolbaşçylygynda ýeňiş ugrunda göreşip biljekdiler. Yrak bolsa ýurtda soňky ýyllarda ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan islendik garşydaşa gaýtawul berip biljek topar hasaplanýardy.

Oýnuň başy ýokary tizlikde geçse-de, dürs urgular ýetmezçilik edýärdi. Eýranyň ýygyndysy topa köpräk erk edip 24-nji minutda hasaby açmagy bastardy. Kazanyň “Rubininiň” düzüminde çykyş edýän eýranly türkmen Serdar Azmun tapawutlandy.

Eýranlylaryň şatlygy uzaga çekmedi. 43-nji minutda bu toparyň oýunçysy Mehrdat Puladi ikinji sary petek alanlygy sebäpli oýundan çykaryldy. Şondan soň yraklylar hüjümi güýçlendirdiler we 56-njy minutda Ahmed Ýasin Geni hasaby deňledi. Şunlukda  oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlandy.

Goşmaça wagtyň başynda Ýunus Mahmud Yragyň ýygyndysyny öňe çykardy. Aradan 10 minut geçeninden soň, eýranly Puraligandžiniň kellesi bilen ýerine ýetiren dürs urgusyndan soň, hasap ýene deňlendi. Goşmaça wagtyň tamamlanmagyna 4 minut galanda yrakly Durgam Ismael 11 metrlik urgusyndan öz toparyny öňe çykardy. Ýöne bu hem ýeňiş pökgüsi bolmady. 3 minut geçip-geçmän, eýranly futbolçylar hasaby deňlediler.

Duşuşykdan soňky 11 metrlik urgularda şowlulyk Yragyň ýygyndysynyň tarapynda boldy. Bu topar 7:6 hasabynda ýeňiş gazandy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru