Aşgabadyň gür ilatly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň çäginde onlarça, şol sanda köp gatly awtoduralgalar peýda bolar

0
482
0
0

Aşgabat, 23-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Şamuhammet Durdylyýew  22-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäherini, hususan-da, şäheriň ulag we jemagat hojalygy düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler, şol sanda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasy tarapyndan bina edilýän zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Häzir işleriň birinji tapgyry doly tamamlanyp, zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň ýene-de 5 müňe golaý metrini, 4 sany lagym kabul ediji guýulary, 8 sany şöhle — zeýkeş guýulary, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini dolandyrmak üçin edara binasyny we beýlekileri gurmak göz öňünde tutýan ikinji tapgyry amala aşyrmaga girişildi.

Soňra wise-premýer türkmen paýtagtynda ilatyň artýan islegini nazara almak bilen, awtoduralgalary gurmagyň meýilnamalary hakynda hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzire çenli paýtagtymyzda köp gatly awtoduralgalaryň 8-si gurlup, olaryň ýene-de 7-siniň gurluşyk işleri dowam edýär. Bulardan başga-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynda, söwda merkezlerinde we beýleki köpçülik ýerlerinde açyk görnüşli  awtoduralgalaryň birnäçesi hereket edýär.

Ahal welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleri bilen bilelikde awtoduralgalary gurmak, şol sanda paýtagtymyzyň gür ilatly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň çäklerinde köp gatly awtoduralgalary gurmak boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin döwrebap awtoduralgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek teklip edilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru