Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni döredildi

12:5623.01.2015
0
6723

Aşgabat, 23-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün irden “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Gazagystan — Türkmenistan — Eýran” halkara demir ýolunyň gurluşygynda tapawutlanan Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň dabaraly sylaglanyşy boldy. Milletiň Lideri transmilli demir ýolunyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy. Şeýle hem pudagyň işgärlerine hormatly atlary dakdy.   

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda açylan “Demirgazyk — Günorta” transkontinental demir ýol geçelgesiniň işe girizilmeginiň ähmiýeti barada durup geçdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu baýram 3-nji dekabrda — “Gazagystan — Türkmenistan — Eýran” halkara demir ýolunyň ulanylyşa girizen gününde bellenilip geçiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň