Aşgabat, 23-nji ýanwar. “Türkmenportal”
30-njy ýanwarda Litwa Respublikasynyň Wilnýus şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň 1-nji mejlisini geçiriler. Türkmen tarapynyň hökümetara toparynyň düzümi belli edildi.
Mejlisde Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag-logistika, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, telekeçilik, ynsanperwerlik we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we onuň gerimini giňeltmek barada meselelere serediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-litwa toparynyň birinji hökümetara mejlisi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.