Adam hakyndaky we olaryň hukuklary, azatlyklary baradaky alada Türkmenistanyň demokratik ösüşiniň esasy ugry bolup durýar

0
614
0
0

Aşgabat, 23-nji ýanwar. “Türkmenportal”

22-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasyny” tassyklady.

Türkmenistanda adam hakyndaky, onuň hukuklary we azatlyklary baradaky ýurdumyzyň demokratik ösüşinde esasy mesele bolup durýar.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň köp sanlysyna goşuldy. Ýurdumyz abraýly dünýä guramalarynyň, şol sanda BMG-niň tassyklan resminamalaryna laýyklykda, öz borçnamalaryna berk eýerip, milli kanunçylyga we tejribä umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny we düzgünlerini, şol sanda erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmäge degişli kadalary yzygiderli girizýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru