Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynyň patyşasy aradan çykdy

09:4423.01.2015
0
2594

Aşgabat, 23-nji ýanwar “Türkmenportal”.

Saud Arabystanynda bu ýurduň 91 ýaşyndaky altynjy patyşasy Abdalla aradan çykdy. Bu barada ýurduň döwlet telewideniýesine salgylanyp, CNN telekanaly habar berýär. Patyşa aradan çykansoň, onuň mirasdüşeri, Saud Arabystanynyň ministrler geňeşiniň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini eýeleýän Salman ibn Abdel Aziz Al Saud tagta çykdy.

Patyşa El-Riýýaddaky hassahana geçen ýylyň 31-nji dekabrynda ýerleşdirilipdi. Ol bu ýerde güýçlendirilen saglygy dikeldiş tapgyryny geçýärdi. Köşk wekiliniň ýanwaryň başynda habar berşi ýaly, Abdallada öýken keseli ýüze çykaryldy. Soňra ol emeli dem alyş enjamyndan peýdalanmaly boldy. Ýöne bu hem ýaşy durugşan hökümdaryň janyny halas edip bilmedi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň