“Almaty” we “Aktobe” tankerleri Türkmenistandan nebit guýlan ýükleriň daşalyşyny amala aşyrar

0
407
0
0

Aşgabat, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

“Kazmortransflot” deňiz gatnawly kompaniýanyň “Almaty” we “Aktobe” tankerleri çig nebitden ýüküni tutmak üçin Alaja portyna gelip daýandy. Nebit guýlan ýükleri Türkmenistandan tankerler arkaly Mahaçkalanyň (Russiýa) we Bakuwyň (Azerbaýjan) portlary ugry boýunça daşamak meýilleşdirilýär. 2015-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň portlary ýokarda atlary agzalan tankerler üçin ýük ýüklenilýän esasy nokatlar bolar.

Öň KMTF-niň tankerleri nebit guýlan ýükleri, esasan, Aktau şäheriniň portlaryndan daşardylar. Indi gazak nebitiniň möçberleriniň turba geçirijileriň başga ugurlara gönükdirilendigi sebäpli, Aktau şäheriniň portundan ýüklenýän ýükleriň kem-kemden azalýan şertlerinde tankerleriň marşrutyny üýtgetmek kararyna gelindi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru