Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi: “Türkmenistanyň toparyny gutlaýaryn”

11:0222.01.2015
0
3064

Sankt-Peterburg, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda Täjigistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (21 ýaşa çenli) baş tälimçisi Alişer Tuhtaýew owadan futbol üçin öz türkmen kärdeşi Ahmet Agamyradowy gutlady.

—Ilkinji nobatda kärdeşime owadan futbol üçin minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem ýeňiş bilen gutlasym gelýär — diýip, Türkmenistanyň garşysyna geçirilen oýun baradaky teswirlemesine başlady. Özümiz barada aýtsam, düýn bize uly yhlas siňdirip, oýny halas etmek başartdy. Bu gün bolsa şeýle etmäge güýjümiz ýetmedi. Biz bäş günde 4 duşuşyk geçirdik. Göräýmäge tapawutlanmaga mümkinçiligem, aram-aram artykmaçlygymyzam boldy, ýöne bu gün biziňki şowlamady. Elbetde, taýýarlyk üçin bir günüň galmagy hem öz täsirini ýetirdi. Olglanlar gaty ýadadylar.

—Siziň we türkmen futbolçylarynyň arasyndaky duşuşyklaryň taryhy baýmy?

—Bilýäňizmi, o diýen baý däl. Dogry, biz bir geografik zolakda çykyş edýäs, ýöne örän seýrek duşuşýarys.

—Duşuşyk tamamlanansoň, siz janköýerleriňiz bilen örän janygyp gürleşdiňiz. Gürrüň näme barada boldy?

—Men olara beren goldawlary üçin sagbolsun aýtdym. Ýaryşda geçiren duşuşyklarymyzyň nähili hörpde gidendigine garamazdan, biz olara minnetdar.

—Janköýerlerden eşidenlerimiz: olaryň pikiriçe, Aziýanyň toparlaryny birleşdirýän zat, olaryň göçgünde oýnaýanlygy. Kim ilkinji bolup hasaby açsa, şol hem ýeňýär. Ylalaşýarsyňyzmy?

—Ýok, oglanlarym hem tassyklar. Biz hemişe ýeňiş gazanmaga ymtylýarys, şol maksat bilen oýnaýarys. Oýun nähili gitse-de, soňuna çenli göreşýäs.

—Soňky ýeňlişe garamazdan, siziň toparyňyz gowy täsir galdyrdy. Nähili pikir edýärsiňiz, siziň ýeňişleriňiziň syry nämede?

—Isle, Afrikanyňky, Ýewropanyňky, Latyn Amerikasynyňky ýa-da Aziýanyňky, tapawudy ýok, futbol bir ýerde duranok. Munuň özi biziň oýnan toparlarymyzyň pes derejesi ýa başga ýagdaý sebäplidir öýdemok. Bu ilkinji nobatda diňe bir oglanlaryň däl, eýsem, tälimçiler toparynyň hem ägirt uly hyzmaty, Täjigistanyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işiniň netijesidir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň