Arkalaşygyň Kubogy — 2015: garaşylmadyk netijeler dowam edyar

07:3921.01.2015
0
3318

Sankt-Peterburg, 21-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Hatda beýik öňdengörüji Nastradamus hem Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII bäsleşikde üç toparçada kimiň ýeňiji boljakdygyny aýdyp bilmezdi. “A”, “B”, “C” toparçalarynda degişlilikde Belarusyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň ýygyndylary öňdäki orny eýelediler. Şunlukda, ýaryşda baş baýraga mynasyp görlen iki topar: Russiýanyň hem GAR-yň ýygyndylary eýýäm çärýek finalda duşuşmaly boldular. Şeýle hem ýene bir ünsi çekýän zat, ol hem Pribaltika ýurtlarynyň: Litwanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň toparlary öz toparçalarynda edil dilleşen ýaly, soňky orny eýelänligidir. Olar bu ýaryşda üç bolup ýeke ýeňiş hem gazanyp bilmediler. Utup bilmedikleriň sanawyna moldowaly futbolçylary hem goşmak bolar. Bir tapawutly ýeri, moldowanlar bir gezegem ýeňilmediler, üç duşuşygy hem deňlikde tamamladylar. Munuň özi 3-nji orny eýelän toparlaryň arasyndan hersi 4 utuk toplan finleriň we gazaklaryň çärýek finala çykandygyny aýan etdi.

Tejribeli litwaly tälimçi Saulýus Şirmýalisiň ýolbaşçylygynda çykyş edýän Gazagystanyň ýygyndysy toparçadaky soňky duşuşygynda GAR bilen 0:0 oýnady. Bu netije toparlaryň ikisini-de çärýek finala çykardy. 

Deňlikler, ýöne netijeli deňlikler “B” toparçasynda hem az bolmady. Moldowanyň ýygyndysy Gyrgyz Respublikasy bilen 1:1, Russiýa bilen 2:2, Latwiýa bilen 1:1 oýnady. Diýmek, Igor Uskanyň şägirtleriniň özleri hem oýnadylar, bu meselede garşydaşa-da päsgel bermediler diýse bolar. Gyrgyzlar hem ilkinji iki duşuşygynda şeýle pelsepä eýerdiler (1:1, 1:1). Ýaş tälimçi Mirlan Eşenowyň topary diňe toparçadaky ahyrky oýunda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýöne Russiýanyň ýaşlaryndan rüstem gelmegiň özi nämä degenok! Munuň özi olara “B” toparçasynyň ýeňijisi bolmagyny üpjün etdi.

Indi häzirlikçe diýseň üstünlikli çykyş eden topar barada etmegiňem wagty geldi. Bu, gürrüňsiz, Belarusyň ýygyndysydyr. Igor Kowalewiçiň ýolbaşçylygyndaky topar duşuşyklarynyňüçüsini hem ýeňişli tamamlady (Täjikler bolsa ikisinde). Belarusly ýaşlar jogapsyz 6 pökgi geçirmegiň hötdesinden geldiler.

Maglumat toplamagy halaýanlara Arkalaşygyň Kubogy — 2015-iň ahyrky oýun gününde “B” toparçasynda geçirilen duşuşyklaryň netijelerini hödürleýäris.

MOLDOWA — LATWIÝA — 1:1 (0:0)

19-njy ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy, 300 tomaşaçy.

Eminler: Oleg Sokolow, Ýuriý Ýaruşkin, Pawel Ewstafiadi.

Moldowa: Misu, Razgonýuk (Lakusta, 54), Roşka, Burlaku (Graur, 39), Byrdan (Dulgeru, 69), Ursu (Bežan, 64; Andronik, 90), Spetaru (k), Makriskiý, Rogak, Dulger (Çofu, 80), Semirow (Paireli, 60).

Baş tälimçi: Igor Ursaki.

Latwiýa: Kurakins, Stuglis, Berenfelds (Iwanows, 84), Flaksis (k), Tidenbergs, Kirilins, Gutkowskis, Şlampe, Şadçins, Klimaşewiçs, Swarups (Indrans, 86).

Baş tälimçi: Daýnis Kazakewiçs.

Pökgüleri geçirenler: Tidenbergs (49), Bežan (82).

Duýduryş alanlar: Berenfelds (46), Indrans (90), Graur (90).

Iň gowy oýunçylar: Aleksandru Bežan, Endiýs Şlampe.

GYRGYZ RESPUBLIKASY — RUSSIÝA — 2:1 (1:0)

19-njy ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy, 1000 tomaşaçy.

Eminler: German Krawçenko, Andreý Runow, Raşid Abusuýew.

Gyrgyz Respublikasy: Şikin, Ýusupow, Umarow, Kozubeýew (k), Şarşeýew, Duýşobekow, Bokoleýew (Israilow, 59), Sagynbaýew (Baratow, 30), Ahmataliýew (Sardarbekow, 78; Lewçenko 90), Musabekow (Temirbaýew, 71), Kudaýberdiýew.

Baş tälimçi: Mirlan Eşenow.

Russiýa: Kuznesow, Owsýannikow, Kuftin, Ýewseýew, Morgunow, Bukiýa (k), (Makarow, 75), Çalow (Žiwoglýadow, 46), Krzenew (Guliýew, 53), Bogaýew (Kozlow, 46), Fomin (Kirisow, 46), Ýaşşuk.

Baş tälimçi: Nikolaý Pisarew.

Pökgüleri geçirenler: Duýşobekow (45), Umarow (50, 11 metrlik urgundan), Ýewseýew (83, 11 metrlik urgudan).

Duýduryş alanlar: Krzenew (18), Morgunow (43), Guliýew (54), Baratow (68).

Oýundan çykarylan: Baratow (90, 2 sary petek)

Iň gowy oýunçylar: Baktyýar Duýşobekow, Danila Ýaşşuk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň