Türkmen futbolçylary Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de täjigistanly deň-duşlary bilen duşuşarlar

0
831
0
0

Sankt-Peterburg, 21-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Täjigistanyň ýaşlar ýygyndysy (21 ýaşa çenli) Sankt-Peterburgda dowam edýän Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII ýaryşyň 1 / 4 finalynda türkmenistanly deň-duşlary bilen duşuşarlar. Bu “C” toparçasyndaky jemleýji oýundan soň belli boldy.

Soňky tapgyryň öň ýanynda bu toparçada öňdäki orna üç topar dalaş edýärdi. Öňde barýan GAR-yň 4, Gazagystanyň we Täjigistanyň hersiniň 3 utugy bardy.

Peterburgyň Sport-konsert toplumyndaky futbol meýdana ilki bolup GAR-yň hem Gazagystanyň toparlary çykdylar. Bu duşuşygyň 0:0 hasabynda tamamlamagy täjik futbolçylaryna bu ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek toparçada öňdäki orny eýelemäge mümkinçilik döretdi. Munuň üçin olar litwaly deň-duşlaryndan üstün çykmalydylar.

Oýun täjigistanlylar üçin şowsuz başlandy. Eýýäm 4-nji minutda Powilas Malinanskas Litwany öňe çykardy — 1:0. 1988-nji ýylda SSSR-iň toparynyň düzüminde olimpiýa çempiony bolan Arminas Narbekowasyň şägirtlerine bu hasaby tä 78-nji minuta çenlisaklamak başartdy. Duşuşgyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 12 minut galanda Jahongir Ergaşew hasaby deňledi — 1:1. 86-nji minutda bolsa “Regar — Tad AZ-yň” ýarym goragçysy Abdyrasul Rahmanow Täjigistanyň ýygyndysyna ýeňiş getirdi — 2:1. Netijede Alişer Tuhtaýewiň şägirtleri 6 utuk toplap, toparçada öňdäki orny eýelediler. GAR 5, Gazagystan 4 utuk toplady. Şeýlelikde, täjigistanlylar 21-nji ýanwarda türkmenistanly deň-duşlary bilen oýnarlar.

Maglumat toplamagy halaýanlara Arkalaşygyň Kubogy — 2015-iň bäşinji oýun gününiň netijelerini hödürleýäris.

GAR — GAZAGYSTAN — 0:0

20-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy, 300 tomaşaçy.

Eminler: Wasili Kazarsew, Roman Milýuçenko, Kirill Bolşakow.

GAR: Msibi, Seriba, Madişa (k), Leepile, Ngobo (Masiýa, 72), Maraýsane, Modiba, Farmer, Buikanýu (Domingu, 79), Lýuthuli, Mohamudi.

Baş tälimçi: Dewid Notuani.

Gazagystan: Pawlow, Aslan, Sartakow, Fedin (Uzdenow, 85), Rudoselski, Suleý (Sariýew, 46), Tungyşbaýew, Şaihow, Tuliýew, Aýmbetow (Rudenow, 90), Haýrillin (Jalilow, 79).

Baş tälimçi: Saulýus Şirmýalis.

Duýduryş alan: Haýrillin (69).

Iň gowy oýunçylar: Selelele Lýuthuli, Berik Şaihow.

LITWA — TÄJIGISTAN — 1:2 (1:0)

20-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy, 300 tomaşaçy.

Eminler: Wladimir Seldýakow, Iwan Kasýanow, Nail Seýfetdinow.

Litwa: Gertmonas, Aleksandrawiçus (Urbis, 46), Truçinskas, Krasnowskis (Ganusauskas, 80), Kruşnauskas, Gaşpuitis, Witukinas (Buçma, 39), Armanawiçýus (Urbis, 69), Ýanuşewski (k), Malinauskas (Skripkinas, 59), Barawikas.

Baş tälimçi: Arminas Narbekowas.

Täjigistan: Soniýew, Şaripow (k), Juraboýew, Şaripow (Rahmatow, 70), Aliýew (Safarow, 90), Ergaşew, Saidhoni, Abdugaforow, Jalilow (Saidow, 88), Rahmonow, Azimow .

Baş tälimçi: Alişer Tuhtaýew.

Pökgüleri geçirenler: Malinauskas (4), Ergaşew (78), Rahmonow (86).

Duýduryş alanlar: Malinauskas (33), Gertmonas (78), Saidhoni (84).

Iň gowy oýunçylar: Powilas Malinauskas, Abdurasul Rahmonow.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru