Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň wekilhanasynyň baştutany bellenildi

23:5620.01.2015
0
2744

Aşgabat, 20-nji ýanwar. “Türkmenportal”

20-nji ýanwarda Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Allan Mastardy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň salamyny ýetirdi, ol iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem okgunly ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostluk gatnaşyklaryny we köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz jenap Allan Mastardy Türkmenistandaky diplomatik wekilhananyň baştutany wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikler arzuw etdi. Häzirki döwrüň wajyp meselelerine, şol sanda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakynlygyny nazara almak bilen, bu gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň