Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda “Watan” gazoturbinaly elektrik stansiýasy gurlar

0
1009
10
4

Aşgabat, 20-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

 “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013—2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 14 sany gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň 4-si 2013—2014-nji ýyllarda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ulanmaga berildi.

Häzirki wagtda kuwwatlylygy 254 MWt bolan “Watan” gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak babatda işler alnyp barylýar. Bu  elektrik stansiýasynyň gurulmagy Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga Magdanlydaky kaliý, Garlykdaky sement zawodlaryny we sebitdäki suw sorujylary elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, şol sanda Owganystana iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda döwletimiziň goldaw bermeginde hereket edýän elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we täze döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, elektrik geçirijileri çekilýär, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyz, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherleri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek ulgamy täzelenýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru