Estoniýanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi: “Türkmenler bilen bolan oýunda bize ussatlyk ýetmedi”

0
724
0
0

Sankt-Peterburg, 19-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmen futbolçylaryndan 3:1 hasabynda ýeňlen Estoniýanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Martin Reým futbol dünýäsinde tanalýan adam. Ýygyndy toparyň düzüminde geçiren duşuşyklaryň sany boýunça ol dünýäde iň gowy oýunçylarynyň 12-ligine, Ýewropada bolsa üçlügine girýär. Şonuň üçin onuň duşuşyk baradaky pikirini bilmek gyzykly bolsa gerek.

—Men-ä şu wagt keýpim ýok diýip aýdyp biljek däl. Şeýle-de bolsa, garşydaşymyzy ýeňiş bilen gutlaýaryn — diýip, M.Reým oýundan soňky metbugat maslahatyndaky çykyşyna başlady. —Biz häzir nähili ýagdaýda bolsak, şonuň ýaly hem oýnadyk. Toparçadan indiki tapgyra çykasymyzam gelýärdi, ýöne biziň goýberen ýalňyşlarymyz muňa päsgel berdi. Aýratyn-da, birinji pökgi, biz garşydaşlara artykmaçlyk gazanmaga kömek etdik, olar aňsatlyk bilen öňe çykdylar. Gynansak-da bu ýetginjeklik ýalňyşlary. Bizde-de tapawutlanmaga ýüz göterim amatly pursatlar boldy, ýöne mundan peýdalanyp bilmedik. Futbol sportuň şeýle görnüşi, munda amatly pursatlardan peýdalanmazdan ýeňiş gazanmak mümkin däl. Biziň futbolçylarymyzyň köpüsine halkara tejribesi ýetenok.

—Siziň toparyňyza oýundan öň dynç almaga mümkinçilik boldy, muňa garamazdan göýä düýn duşuşyk geçiren ýaly duýuldy. Oglanlaryňyz ýadaw göründi. Bu öňki iki ýeňlişiň netijesimi?

—Ýok. Soňky duşuşykda oýnamadyk oýunçylaryň käbirine oýun amalyny bermek gerekdi. Futbol meýdanynda köp wagt geçirenlerde bolsa argynlyk duýaýmalydylar. Biz ýaňy-ýakynda dynç alyşdan çykdyk, heniz türgenleşik howasyna doly derejeli giribem ýetişmedik. Ýöne bu bahana däl, oýunçylaryň güýji islendik ýagdaýda-da 30—45 minuta ýetmeli. Eger geçen ýylky toparymyzda ýokary liganyň tejribesi bolan futbolçylar oýnan bolsa, häzir birinji liganyň esasy düzüme düşmeýän oýunçylary çykyş edýär. Munuň özi oglanlarymyzyň tizligine we pikir ýöredişine öz täsirini ýetirýär.

—Martin, siz kärdeşiňizden tapawutlylykda tälimçiniň oturgyjynda özüňizi öte ýuwaş alyp barýarsyňyz. Belki, oýunçylaryňyza siziň futbol meýdanynyň gyrasyndan sesiňize bat berip aýdýan görkezmeleriňiz ýetýän däldir?!

—(Gülýär). Men meýdanyň gyrasyna baryp görkezme berip başlamak barada köp pikir edýän. Ýöne bu hemişe dogry bolar diýip biljek däl. Biz oýunçylarymyzyň özleriniň pikirlenmegini, olaryň öz öňbaşçylarynyň bolmagyny, birek-birege maslahat berip duýdurmagyny, özbaşdak netijä gelip bilmegini isleýäs. Eger bardy-geldi biz uly, tomaşaçylardan hyryn-dykyn stadionda çykyş etsek, barybir olar meniň sesimi eşitmezler. Men futbolçylara oýundan öň, arakesme wagtynda ýa-da duşuşyk mahaly böwşeňlik ara düşende görkezme bermäge endik edipdirin.

—Size arakesmä çykylaýjak bolnup durka hasaby deňlemek başartdy. Arakesmede olara näme diýdiňiz?  

—Men birinji ýarymda göýberilen ýalňyşlyklary gaýtalamazlygy haýyş etdim. Ýeňip biljekdigimizi, munuň üçin oýnuň gidişini öz elimize almalydygymyzy, öňe gitmelidigini aýtdym. Elbetde, islegimiz bardy, ýöne ussatlyk ýetmedi. 

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru