Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Arkalaşygyň Kubogynda iň güýçli toparlaryň sekizligine düşdüler

22:4819.01.2015
0
6298

Sankt-Peterburg, 19-njy ýanwar “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 14-nji duşuşyk (toparçalaýyn tapgyr), dördünji oýun güni.

TÜRKMENISTAN — ESTONIÝA — 3:1 (1:1)

19-njy ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy 300 tomaşaçy.

Eminler: Roman Galimow, Wsewolod Žarikow, Konstantin Zasulski.

Türkmenistan: Berdiýew, Annagulyýew, Saparow (K), Annaýew (Saparmämmedow, 89), Akyýew, Goşjanow, Baýew (Kabaýew, 86), Mirsoltanow, Rejebow (Kowusow, 65), Nurmyradow (Seýdiýew, 90), Berenow.

Baş tälimçisi: Ahmet Agamyradow.

Estoniýa: Igonen, Paýu, Awilow, Aloe (Mýagi, 69), Tekko, Saarts (Sobçenko, 59), Kauber (Gusew, 59), Marin (Paur, 74), Sappinen (k), Ýuhkam, Suurpere (Hansen, 56).

Baş tälimçisi: Martin Reým.

Pökgüleri geçirenler: Nurmyradow (34, 52), Saarts (45), Annagulyýew (67, 11 metrlik urgudan).

Duýduryş alanlar: Awilow (14), Paýu (17), Berenow (29).

Iň gowy oýunçylar: Selim Nurmyradow, Rauno Sappinen.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Sankt-Peterburgda dowam edýän Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII halkara ýaryşynyň çärýek finalyna çykdylar. Ildeşlerimiz “A” toparçasyndaky jemleýji duşuşykda Estoniýanyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

34-nji minutda Kazanyň “Rubininiň” ýaşlar toparynyň öňki oýunçysy, geçen ýylda “Altyn asyryň” düzüminde Türkmenistanyň çempiony bolan Selim Nurmyradow hasaby açdy.

45-nji minutda garşydaş topara hasaby deňlemek başartdy, Talliniň “Lewadiýasynyň” hüjümçisi Kristen Saarts tapawutlandy.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi A. Agamyradowa arakesmede biziň oýunçylarymyzy ikinji ýaryma taýýarlykly çykyp gerek netijäni gazanmak üçin oglanlary köşeşdirmek gerekdi. Şeýle hem boldy. 52-nji minutda belli türkmen futbolçysy Berdimyrat Nurmyradowyň ogly Selim Nurmyradow duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirip, biziň toparymyzy öňe çykardy — 2:1.

Aradan 15 minut geçensoň duşuşygyň emini Estoniýanyň toparyna garşy 11 metrlik urgyny belledi. Ony “Balkanyň” goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew dürs ýerine ýetirdi — 3:1. Bu hasap oýnuň ahyryna çenli üýtgewsiz galdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Belarusyň topary finlýandiýaly deň-duşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Ýeňiş pökgisini 34-nji minutda BATE-niň ýarym goragçysy Ýewgeni Ýablonski geçirdi.

Netijede türkmenistanlylar we finlýandiýalylar 4 utuk bilen toparçalaýyn ýaryşy jemlediler. Ýöne pökgi tapawudy boýunça ildeşlerimiz çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşy “C” toparçasynyň ýeňijisi bolar. Bu GAR — Gazagystan, Litwa — Täjigistan duşuşyklaryndan soň belli bolar. Bu toparçada häzirlikçe 4 utuk toplan GAR öňde barýar. Gazagystanyň we Täjigistanyň hersiniň üç, Litwanyň bir utugy bar.

Türkmenistanyň we Estoniýanyň ýaşlar ýygyndy toparlarynyň duşuşygyndan fotoreportažy synlamagy ýatdan çykarmaň!   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň