Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň jemagat hojalyk düzümi ösdürilýär

09:0219.01.2015
0
6084

Aşgabat, 19-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy, ýurduň paýtagtyna gözegçilik etmek tabşyrylan Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy düzümini ösdürmek, şol sanda şäheriň günbatar böleginde zeýkeş-aragatnaşyk ötügini gurmak boýunça geçirilýän işler barada durlup geçildi. Habar berlişi ýaly, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasy tarapyndan gurulýan bu desgany bina etmek babatda potratçy bilen goşmaça ylalaşyklar baglaşyldy. Häzirki wagtda bu goşmaça ylalaşykda göz öňünde tutulan işleriň birinji tapgyrynyň ählisi doly tamamlandy. Ikinji tapgyryň çäklerinde işler alnyp barylýar.

Paýtagtyň demirgazyk böleginde giňligi 6 metrlik zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň 3792 metri gurlup, häzirki wagtda onuň içki gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar, gije-gündizde kuwwaty 300 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desganyň demir-beton işleri tamamlanyp, häzirki wagtda timarlaýyş işleri, şäheriň esasy energiýa ulgamyna birikdirmek boýunça gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ýagyş suwlarynyň ugruny üýtgetmek üçin uzynlygy 2105 metr ulgamyň gurluşyk işleri doly tamamlandy.

Wise-premýeriň çyzgylar we şekiller arkaly beýan edişi ýaly, düzediş girizilen täze meýilnama zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň ýene-de 4956 metrini, lagym kabul ediji guýularyň dördüsini, şöhle-zeýkeş guýularyň sekizisini, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini dolandyrmak üçin edara binasyny, aragatnaşyk we howpsuzlyk ulgamlarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň