Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler

08:5919.01.2015
0
3179

Aşgabat, 19-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 27-nji ýanwarda Mary welaýatynyň adminstratiw merkezinde dabaralar geçiriler.

Bu çärä türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň, dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasynda resmi dabarany, şeýle hem türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini, şekillendiriş, amaly-haşam we foto sungatynyň sergisini geçirmek hem bar.

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerde ýigrimiden gowrak çäre geçiriler. Olaryň hatarynda ylmy maslahatlar, sergiler, konsertler, teatr çykyşlary, döredijilik duşuşyklary geçiriler, şeýle hem welaýatyň gadymy ýadygärliklerine syýahatlar guralar.

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi baý taryhy-medeni mirasymyzy mundan beýläk-de giňden wagyz etmek, ýurdumyzda ony gorap saklamak we öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen bagly geçiriljek çäreler Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna, dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň we köp taraply hyzmatdaşlygyň ösmegine, halkara derejede Garaşsyz türkmen döwletiniň medeniýet we sungat ulgamynda häzirki zaman gazananlaryny görkezmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň