Soňky habarlar

Arhiw

Nusgawy göreşiň iň güýçli pälwanlary Yzgantda

08:5119.01.2015
0
8269

Aşgabat, 17-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

16 — 17-nji ýanwarda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky häzirki zaman sport toplumyna ýygnanan janköýerler çekeleşikli tutluşyklaryň şaýady boldular. Bu ýerde grek-rim göreşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýurdumyzyň iň güýçli pälwanlary 8 agram derejesinde güýç synanyşdylar.

75 kg agram derejesindäki tutluşyklar aýratyn ünsi özüne çekdi. Çünki onda geçen ýylyň jemi boýunça Türkmenistanyň iň güýçli türgenleriniň onlugynda 4-nji ýere mynasyp görlen Şermet Permanow göreşdi. Lebabyň asylly däpleri bolan göreş mekdebiniň uçurymy 2014-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda öz agramynda ýer ýüzüniň iň güýçli pälwanlarynyň arasynda mynasyp çykyş edip, 7-nji orny eýeledi. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda bolsa 3-nji orun ugrundaky tutluşykda ýapon pälwanynyň ýanyny ýere degrip, bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen pälwany garşydaşynyň emeline garşylyklaýyn emel ulanyp yklym oýunlarynyň baýragyny gazandy.

Yzgantda hem şeýle boldy. Lebap welaýatynyň toparyna wekilçilik eden Şermet diýseň eserdeň göreşdi. Paýtagtly garşydaşy hüjüme geçen pursady ony garşylyklaýyn emelde tutup, arassa ýeňiş gazandy.

Häzir Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli sport ussady Rozy Rejebowyň elinde türgenleşýän Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby tutluşykdan soň şeýle gürrüň berdi:

—Bu meniň ulularyň arasyndaky 3-nji çempionlygym. Elbetde, begenjimiň çägi ýok. Tälimçilerime, janköýerlere minnetdar. Öz öňümde goýýan esasy maksadym, 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda güýjümi görkezesim gelýär. Munuň üçin degişlilikde Katarda we ABŞ-da geçiriljek Aziýa we dünýä çempionatlarynda şowly çykyş edip ýollanma utuklaryny gazanmak gerek. Nesip bolsa, arzuwyma ýetmek üçin elimde baryny ederin.

Elbetde olimpiýa ýollanmalary ugrunda göreş alyp barjak ýeke Şermet däl. Häzir türkmen grek-rim mekdebinde gelejegine uly umyt bildirilýän pälwanlar az däl. Ine, Yzgantda geçirilen ýurdumyzyň çempionaty olaryň köpüsi üçin ýeňişli tamamlandy. Türkmenistanyň çempiony bolan Sapar Jumaýewiň (59 kg), Arslan Oraşewiň (66 kg), Abdyresul Hummaýewiň (71 kg), Amanaly Ataýewiň (80 kg), Döwran Ýaýlymowyň (85 kg), Maýyl Bakulowyň (90 kg), Arslan Saparmyradowyň (+90 kg) atlary diňe öz ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenlere-de tanyşdyr. Çünki bu türgenler ýetginjekliginden bäri halkara ýaryşlarynda tapawutlanyp gelýärler.

Yzgantdaky bäsleşikde toparlaýyn hasapda Aşgabat şäheri 1-nji, Mary welaýaty ikinji, Lebap welaýaty üçünji orunlary eýelediler.          

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň