Türkmen futbolçylary Finlýandiýanyň ýygyndysy bilen taryhda ilkinji duşuşygyny geçirdiler

0
1236
0
0

Sankt-Peterburg, 18-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy. 7-nji duşuşyk (toparçalaýyn tapgyr), ikinji oýun güni.

FINLÝANDIÝA — TÜRKMENISTAN — 1:1 (0:0)

2015-nji ýylyň 17-nji ýanwary, Sankt Peterburg, Sport-konsert toplumy, 300 tomaşaçy.

Eminler: Wladimir Seldýakow, Sergeý Karunenko, Ýuriý Ýaruşkin.

Finlýandiýa: Eriksson, Nurmos, Wiitikko, (Waýsanen, 46), Ýakubi (K) (Anýamele, 46), Lassas (Hattaka, 89), Howi (Rahimi, 62), Aaltonen, Teýlor (Kabaşi, 62), Tamminen (Skrabb, 46), Tuominen (Oýala, 62), Saarinen.

Baş tälimçisi: Tommi Kautonen.

Türkmenistan: Japarow, Annagulyýew, Hojowow, Saparow (K), Kowusow (Baýew, 61), Annaýew (Hojaýew, 69, Seýdiýew, 90), Akyýew, Goşjanow (Baýramow, 90), Mirsoltanow, Rejebow (Akmämmedow, 73), Nurmyradow (Saparmämmedow, 77).

Baş tälimçisi: Ahmet Agamyradow.

Pökgüleri geçirenler: Annaýew (7), Aaltonen (50).

Iň gowy oýunçylar: Patrik Aaltonen, Elýas Akyýew.

Duýduryş alanlar: Hojowow (41), Nurmyrdow (54), Waýsanen (54), Mirsoltanow (59), Lassas (82), Saparow (87).

Gyzyl petek alan oýunçylar: Hojowow (81, ikinji sary petek).

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Sankt-Peterburgda geçýän Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII halkara ýaryşynda Finlýandiýanyň topary bilen 1:1 oýnap, ilkinji utugyny gazandy. Bu taryhda türkmen we finlýandiýaly futbolçylarynyň ilkinji duşuşygydyr. Ahmet Agamyradowyň şägirtleri turuwbaşdan hüjüme geçip, 7-nji minutda hasaby açdylar. “Ahalyň” ýarym goragçysy Gurban Annaýew tapawutlandy. Toparlar hut şeýle hasapda birinji ýarymy tamamladylar.

Ikinji ýarymyň başynda oýunçy çalşygy netijesinde hüjümi güýçlendiren finlýandiýaly futbolçylara hasaby deňlemek başartdy. Garşydaş topardan Patrik Aaltonen tapawutlandy. Duşuşygyň tamamlanmagyna 9 minut galanda 2-nji sary petek alan Hoşgeldi Hojowow oýundan çykaryldy, ýöne hasap welin üýtgewsiz galdy.

Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažy synlamagy unutmaň!

 Türkmen topary indiki tapgyrda Estoniýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşar. Estoniýalylar ikinji tapgyrda belarusly garşydaşlaryndan 0:4 hasabynda asgyn geldiler.

Bu ýeňişden soň Belarusyň topary 6 utuk bilen “A” toparçasynda ynamly öňde barýar. Finlýandiýanyň 4, Türmenistanyň 1, Estoniýanyň bolsa 0 utugy bar.

Şenbe güni “C” toparçasynda ilkinji duşuşyklar geçirildi. 1988-nji ýylda Seulda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda çempion bolan Arminas Narbekowasyň ýolbaşçylygyndaky Litwanyň ýaşlar ýygyndysy GAR-yň topary bilen 1:1 oýnady. Toparçadaky beýleki duşuşykda tajik futbolçylary garaşylmadyk ýagdaýda gazagystanly deň-duşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Ýeňiş pökgüsini 51-nji minutda Jahongir Ergaşew geçirdi.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru