Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň maslahaty geçirildi

12:4618.01.2015
0
2944

Aşgabat, 18-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

17-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň adam hukuklary meselesinde halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň maslahaty geçirildi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutyna ýygnan maslahatyň gün tertibine toparyň öňünde goýlan anyk wezipeler we olaryň geçen döwürde ýerine ýetirilişi, şeýle hem 2015-nji ýylda edilmeli işler baradaky meseleler girizildi.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, dünýä tejribesini we türkmen halkynyň demokratik ýörelgelerini göz öňünde tutup, döwletiň hem jemgyýetiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda Pudagara topar tarapyndan uly işler edildi.

Hususan-da, milletiň Lideri tarapyndan öňe sürlen reformalaryň strategiki esaslary hökmünde milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, Pudagara topar hereket edýän hukuk namalarynyň monitoringini geçirip, adam hukuklary meselesinde halkara kadalaryna, şeýle hem bu ugurdaky gelejekki özgertmeler degişli teklipler toplumyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürledi.

Maslahatyň dowamynda toparyň 2015-nji ýylda alyp barjak işiniň meýilnamasy kabul edildi we beýleki derwaýys meselelere garaldy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň