Soňky habarlar

Arhiw

Ýari Litmanen: “Arkalaşygyň Kubogy ýaş futbolçylar üçin möhüm”

12:0518.01.2015
0
3386

Sankt-Peterburg, 18-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Finlýandiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň Arkalaşygyň Kubogynyň nobatdaky XXIII bäsleşigine gatnaşmagy garaşylmadyk şatlyk getirdi. Suominiň wekiliýetiniň düzüminde Peterburga öz döwrüniň belli futbolçysy Ýari Litmanen geldi. Litmanen Gollandiýanyň Aýaksynyň we Finlýandiýanyň ýygyndysynyň düzüminde 137 duşuşykda 32 pökgi geçirdi. Munuň özi fin futboly üçin aňrybaş rekortdyr.

Eýsem, dünýä futbolynyň ýyldyzy geçip duran Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky ýaryş barada nähili pikirde?

—Maňa bu bäsleşik ýaraýar — diýip, Ýari pikirini paýlaşýar. — Ol ýaş futbolçylar üçin diýseň peýdaly. Diňe öz geografik goňşulary bolmadyk ýurtlaryň toparlary bilen oýnap, gymmatly tejribe toplaýandyklary üçinem däl. Başga zat wajyp: düýbünden başga usulda oýnaýan ýygyndylaryň garşysyna geçirilýän duşuşyklar ýaş oýunçylara öz mümkinçiligine we güýjüne doly derejede baha bermäge mümkinçilik döredýär. Biz ýarym hepde-de 5—6 oýun geçirmek — aňrybaş tejribe. Dogry, biziň toparymyzda esasy düzümiň  dört oýunçysy ýok. Munuň özi ätiýaçdaky futbolçylara gymmatly tejribe toplamaga ýardam edýär.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň