Şu gün — Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň göredilen güni

00:5718.01.2015
1
5407

Aşgabat, 18-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilen güni mynasybetli gutlady.

Öz gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilmegine goşan uly goşandyny aýratyn belläp geçdi.

Neşe serişdeleriniň we seri sämediji maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşmek bilen, siz sagdyn jemgyýetiň kemala getirilmegine saldamly goşant goşýarsyňyz diýip, Döwlet baştutany belledi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň