Türkmenistanda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna taýýarlyk görülýär

0
990
0
0

Aşgabat, 17-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine iki dostlukly halklaryň bähbitlerine bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri giriziler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Dostlukly Owganystanyň baştutanynyň Türkmenistana boljak döwlet saparynyň wajypdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde goňşy döwlete degişlilikde ýurdumyzyň üýtgewsiz ýörelgesini tassyklady. Bu ýörelge doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy gurmakda, durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde anyk kömek bermekde jemlenýär. Biz gelejekde hem halkara jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna gönüden-göni gatnaşarys diýip, milletiň Lideri aýtdy hem-de Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Muňa türkmen tarapynyň BMG-niň belent münberinden beýan eden başlangyçlary-da güwä geçýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzyň goldaw bermeginde elektroenergetikada, gaz we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ýakyn geljekde bellenen gurluşygy barada barýar. Bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine, durmuş meseleleriniň çözülmegine, şol sanda täze iş orunlarynyň döredilmegine gönüden-göni ýardam eder we umuman, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru