Köýtendagyň golaýyndaky ajaýyp tebigy gözellikler

23:2316.01.2015
0
15509

Aşgabat, 16-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Lebap welaýatynda ekologiýa syýahatçylygy barha uly meşhurlyga eýe bolýar diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” elektron neşiri ýazýar. Köýtendagyň golaýyndaky “Lebapsyýahat” Döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň syýahatçylyk bazasynda syýahatçylar üçin dynç alşy diýseň gyzykly geçirmäge ähli şertler döredilipdir.

Bu ýerde ajaýyp tebigy gözellikler az däl. Olaryň iň esasylarynyň biri hem dinozawrlaryň üsti tekiz belentlikdäki aýak yzlarydyr. Bolup geçen süýşgünden soň, biziň günlerimizde üsti açylan dünýä belli bu aýak yzlary 150 million ýyl mundan ozal galdyrylypdyr.

Köýtendagda gözelligi bilen göreni haýrana goýýan jülge, şol sanda Kyrk gyz atly keremli ýer bar. Şeýle hem seýrek duş gelýän miweli baglary bolan Unaby jeňňelligi, Köýten köli we kükürtli wodoroda baý Gaýnarbaba çeşmesi bu ýeriniň esasy gymmatlyklary bolup durýar.

Syýahatçylar bu täsin ýerleriň gözelliklerini höwes bilen synlaýarlar, öwrenýärler, mähriban tebigata aýawly garaýarlar, surat alýarlar, bu künjekde ýaşaýan ýaşulularda bar bolan gyzykly maglumatlar bilen tanyşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň