Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlaryny “Professional sport hakyndaky” Kanuny kabul etmäge çagyrdy.

07:1216.01.2015
0
3129

Aşgabat, 16-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylary ýurtda professional sporty sport hereketiniň özbaşdak pudagy hökmünde ösdürmegiň kanun esaslaryny döretmäge ugrukdyrdy.

Penşenbe güni Mejlisiň deputatlarynyň öňünde çykyş etmek bilen, Döwlet baştutany şu ýylyň dowamynda kabul edilmegi möhüm bolan kanunçylyk namalarynyň hatarynda “Bedenterbiýe we sport hakynda” we “Professional sport hakyndaky” Kanunlary agzap geçdi. Biz ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmaga uly üns berýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmegiň wezipelerini kesgitledi. Professional sport ýaşlaryň barha köp bölegini fiziki işjeňlige çekip biler. Hut ýokary netijeli sport oglan-gyzlarda bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwes döredýär. Professional sportuň resmi taýdan ykrar edilmegi milli sport mekdepleriniň ösüşini ýokary derejede höweslendirer, milli ýygyndy toparlaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrar we täze pudagy — sport senagatyny emele getirer. Şeýle hem munuň özi ýurdumyzda halkara derejeli gyzykly bäsleşikleri geçirmäge ýardam edýär.

Şeýle hem milletiň Lideri atçylyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýaşlary atçylyk-sport türgenleşiklerine giňden çekmäge gönükdirilen “Atçylyk we atly sport ýaryşlary hakyndaky” Kanunyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň