Soňky habarlar

Arhiw

Eýranly türkmen futbolçysy bu ýurduň ýygyndy toparyny ýarym finala çykardy

06:5716.01.2015
0
2745

Aşgabat, 16-njy ýanwar. “Türkmenportal”.

Awstraliýada dowam edýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda çärýek finalçylaryň ýene ikisi belli boldy. Şeýle üstünligi “C” toparçasynda bassyr ikinji ýeňşini gazanan Birleşen Arap Emirlikleriniň we Eýranyň ýygyndylary gazandylar.

Birinji tapgyrda uly hasap bilen (4:1) Bahreýniň toparyndan üstün çykan BAE-niň futbolçylary soňra Bahreýni ýeňlişe sezewar etdiler — 2:1. Olar eýýäm 1-nji minutda hasaby açdylar. Ýaryşda iň çalt geçirilen pökgini Ali Ahmet Mabhut öz adyna ýazdyrdy. 26-njy minutda bahreýnli Jon Okwunmannä hasaby deňlemek başartdy — 1:1. Üçünji pökgini hem ýene-de bu toparyň oýunçysy geçirdi. Has anygy, 74-nji minutda Bahreýniň ýygyndysynyň goragçysy hem kapitany Mohamed Hasan topy atdanlykda öz derwezesine gönükdirdi oturyberdi.

Eýranlylar bahreýnli garşydaşlaryndan 2:0 hasabynda üstün çykanlaryndan soňra katarlylar bilen duşuşdylar. Kazanyň “Rubininde” çykyş edýän eýranly türkmen Serdar Azmun oýnuň hakyky gahrymanyna öwrüldi. Onuň 52-nji minutda geçiren ýeňiş pökgüsi Eýranyň ýygyndysyny çärýek finala çykardy.

BAE-niň we Eýranyň toparlaryndan öň Awstraliýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de Hytaýyň ýygyndylary ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanypdylar.

Aziýanyň Kubogy — 2015-iň ilkinji ýedi gününde henizem deňlik hasaba alnanok. 14 duşuşykda 37 pökgi geçirildi (ortaça her oýunda 2,64), eminler 46 sary petek (ortaça her oýunda 3,29) we 3 gyzyl petek (ortaça her oýunda 0,21) görkezdiler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň