Türkmenistan 2011-nji ýyldan azyklyk bugdaý eksport edýän ýurtlaryň sanawyna girdi.

0
492
0
0

Aşgabat, 15-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Umumy meýdany 860 müň gektara uzaýan ýurdumyzyň gallaly meýdanlarynda ekişe ideg etmek boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gögeriş suwuny tutmak, dökünler bilen iýmitlendirmek topragy haşal otlardan arassalamak we zyýankeşlerden goramak babatda tagalla bary edilýär. Bu babatda “Türkmenistan: altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.

Ekin meýdanlarynda “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň pürküjiler we beýleki goşmaça kömekçi enjamlar bilen üpjün edilen tirkegli traktorlary işledilýär. Häzirki günde suw tutmak we dökün bilen iýmitlendirmek boýunça meýdan işleri Lebap we Mary welaýatlarynda doly tamamlandy.

Gallaçylarymyzyň berýän bahasyna görä, tutuş ýurdumyz boýunça bugdaýyň oňat gögerilişi gazanylyp, türkmen gallaçylary 1 million 600 mün tonna öndürmek göz öňünde tutulýar.

Umuman Türkmenistanda bugdaýyň ýerli we daşary ýurtlardan getirilen 15 ýumşak we gaty görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýokary hasyllylygyň gazanylmagynda biziň toprak-howa şertlerimize görä iň netijeli görnüşleri önümçilige ornaşdyrýan türkmen seçgi işleri bilen meşgullanýan alymlary we tohumçylyk hojalyklary uly goşant goşýarlar. Her ýylda Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda ýüze çykarylyp, önümçilige ornaşdyrmaga hödürlenen bugdaýyň onlarça täze görnüşi hasyllylyk we gözegçilik synagyndan geçirilýär.

Ýurtda tohumçylyk bugdaý öndürijilere ýeňillikli şertler döredilendir mysal üçin, azyklyk we tohumlyk bugdaý öndürijileriň çykdajylarynyň 50 göterimi, şol sanda tohum, mineral dökünler suw bilen üpjünçilik döwletiň hasabyna maliýeleşdirilýär. Tohumçylyk hojalyklary üçin mineral dökünler ýeňillikli bahadan goşmaça 25 göterim goýberilýär, munuň özi ýurtda galla öndürmek ýaly wajyp işe näderejede ähmiýet berilýändigini görkezýär. Tohumçylyk bugdaý öndürmegi maliýeleşdirmäge baglylykda naýbaşy önüm — ýokary derejeli tohum tabşyranlara 40 göterim möçberinde goşmaça töleg göz öňünde tutulýar.

Pudakda, şol sanda tohumçylyk işini hem täze derejä çykaran düýpli özgertmeleriň geçirilmegi ýurtda azyk garaşsyzlygynyň gazanylmagyny üpjün edip, Türkmenistanyň azyklyk gallany eksport edýän döwletleriň hataryna goşulmagyna getirdi. ”Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi artyk öndürilen galla hasylyny dört ýyl bäri eksport edip gelýär. Onuň birinji tapgyry daşary ýurtly okyjylara 2011-nji ýylda ugradyldy.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru