Türkmenistanda kazyýet düzüminiň işi kämilleşdirilýär

22:3115.01.2015
0
4199

Aşgabat, 15-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda hojalyk gatnaşyklarynda we söwda geleşiklerinde ýüze çykýan jedelleri çözmek üçin özbaşdak hereket edýän arbitraž kazyýet düzümini döretmegiň zerurlygyna ünsi çekip, işewürlik gatnaşyklarynda emele gelýän söwda-ykdysady jedelleri, bütin dünýäde edilişi ýaly, arbitraž edaralarynyň üsti bilen çözmek meselesine seretmek hem möhümdir diýip belledi. Şu maksat bilen arbitraž kazyýetiň Ýokary kazyýetiň düzüminden çykarylsa gowy boljakdygy aýdyldy.

Kazyýetiň düzümini kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti kazyýetiň işlerine seredilende taraplaryň deňligini, kazyýetiň önümçiliginiň ähli döwürlerinde işe gatnaşyjylaryň hukuk kömeginden deň peýdalanmak mümkinçiligi giňeldýän täze kadalar kanunçylyga girizilse ýa-da hereket edýän kadalar has anyk beýan edilse, maksadalaýyk boljakdygyny, kazyýet häkimiýetiniň we kazylaryň garaşsyzlygynyň has-da ygtybarly bolmagyny gazanmagyň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem, Döwlet baştutany adam hukuklarynyň garaşsyz institutlar tarapyndan goralmagy baradaky meseläniň üstünde durup geçdi. Hususan-da, konstitusion tertipde ýurtda adam hukuklaryny goramak boýunça wekiliň — Ombudsmeniň institutynyň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Munuň özi döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejesini üpjün eder, adalatlylygyň we adamlaryň bähbitleriniň goralmagyna öz täsirini ýetirer.

Konstitusiýa laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup çykyş edýär. Ygtyýarly wekiliň institutynyň döredilmegi bolsa Döwlet baştutanynyň bu ugurda alyp barýan işlerine uly goldaw bolar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň