Türkmenistanyň Prezidenti milli parlamentiň işine baha berdi we ýakyn geljekdäki wezipeleri kesgitledi

13:2815.01.2015
0
2677

Aşgabat, 15-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Döwlet baştutany öz çykyşynda milli parlamentiň 2014-nji ýylda alyp baran işlerine baha berdi we ýakyn geljek üçin deputatlaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidenti garaşsyz Türkmenistan döwletiniň hukuk we ykdysady esaslaryny gelejekde-de pugtalandyrmaga ýardam berýän halkara tejribesini we türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp milli kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belläp geçdi.  

Ýurduň Konstitusiýasynyň täze nusgasyny taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi, ony milli parlamentiň deputatlary şu ýylyň sentýabryna çenli taýýar edip, ählihalk ara alnyp maslahatlaşmagyna hödürlärler.

Oba hojalygyny reformalaşdyrmagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, telekeçilige gelejekde-de hukuk taýdan goldaw bermek, maliýe ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen kanunçylyk resminamalaryny kämilleşdirmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ýerasty baýlyklar senagatyny ösdürmek we eksportyň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly işiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän kanunlary işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň