Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimlerine ýygy-ýygydan il arasynda bolup, geçirilýän işleri pugta gözegçilikde saklamak tabşyryldy

22:5214.01.2015
0
8379

Aşgabat, 14-nji ýanwar. «Türkmenportal»

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylda ilkinji gezek geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R. Nurmämmedow Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Milli Liderimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça taýýarlanylýan iş meýilnamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler we ýurdumyzyň abadançylygy we arassaçylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Tärkmenistanyň Prezidentine  paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işleriň taslamalaryny görkezdi.    

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Aşgabatda abadançylygyň, arassaçylygyň üpjün edilmeginiň, gurulýan desgalaryň öz möhletinde tamamlanmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň döwrüň talaby bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem milletiň Lideri şäheriň etrap häkimleriniň il arasynda ýygy-ýygydan bolup, alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamalydygyny, gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermelidigini belledi.        

Şäheriň etraplarynda alnyp barylýan işler üçin häkimlerden edilýän talaby güýçlendirmek barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti olaryň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, etrap häkimlerini wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň täze tertibini girizmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmagyny üpjün etmek paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimlerinden edilýän esasy talap bolmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň