Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar

16:5714.01.2015
0
2526

Aşgabat, 14-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Myradow Gruziýanyň DIM-niň baştutany Tamar Beruçaşwilini Türkmenistanyň dostlukly döwletdäki ilçihanasynyň 2015-nji ýylda alyp barjak işleriniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigi bellenilip, iki tarapa-da bähbitli bolan bu meýilleriň gelejekde has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň