Soňky habarlar

Arhiw

Bakuwda “Berkarar” türkmen gämisiniň gelmegine garaşylýar

16:3614.01.2015
0
3876

Aşgabat, 14-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Bakuwda ýolagçylary gatnatmaga, şeýle hem ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenen RO-PAX derejeli “Berkarar” türkmen gämisiniň gelmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň çarşenbe günündäki habarynda aýdylýar.

“Berkarar” türkmen gämisiniň mümkinçilikleri Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogara ýük daşaýan awtoulaglaryň ulanylmagynyň wagtyny ep-esli tygşytlamaga, şeýle hem haryt dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmaga şert döredýär.

RO-PAX derejeli “Bagtyýar” atly ikinji şeýle gämi hem Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň Pula şäheriniň gämigurluşyk kärhanasynda gurlup, 2014-nji ýylyň iýunynda suwa goýberilipdi. Ony bellenilen ýere 2015-nji ýylda getirmek göz öňünde tutulýar. “Bagtyýar” soňky bäş ýylda Türkmenistana gelip gowuşjak on altynjy gämi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň