Ilkinji çärýek finalçylar belli boldy

11:1414.01.2015
0
2705

Aşgabat, 14-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Ýaşyl yklymda dowam edýän Aziýanyň Kubogy — 2015-iň final böleginde Koreýa Respublikasynyň we Awstraliýanyň ýygyndy toparlary ilkinji bolup ýarym finala çykdylar. Olar “A” toparçasynda iki ýeňiş gazanmak bilen, wagtyndan öň şeýle üstünlige eýe boldular.

Ilkinji tapgyrda Omanyň toparyny ýeňlişe sezewar eden koreýalylar (1:0) hut şeýle hasap bilen Kuweýtiň ýygyndysyndan üstün çykdylar. Ýeňiş getiren pökgini 36-njy minutda Nam The geçirdi. Ýer eýeleri awstraliýalylar bolsa uly hasap bilen (4:1) kuweýtlilerden rüstem geleninden soň, Omanyň toparyny derbi-dagyn etdiler — 4:0. Pökgüleri Makkeý (27-nji minut), Kruz (30-njy minut), Milligan (45-nji minut, 11 metrlik urgudan), Juriç (70-nji minut) geçirdiler.

Soňky tapgyrda bu iki toparyň arasynda boljak duşuşyk kimiň haýsy orundan indiki tapgyra çykjakdygyny belli eder. Omanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bolsa özara duşuşykdan soň, Aziýanyň Kubogy bilen hoşlaşarlar.

Ýaryşyň ilkinji bäş gününde ýekeje deňligem hasaba alynmady. Final bölegiň 10 duşuşygynda eýýäm 25 pökgi geçirildi (ortaça her oýunda 2,5). Şeýle hem eminler 35 sary petek (ortaça her oýunda 3,5) we 2 gyzyl petek görkezdiler (ortaça her oýunda 0,2).

Aziýanyň Kubogynyň birinji tapgyrynyň netijeleri boýunça simwoliki ýygyndy topar yglan edilip, oňa Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Eýranyň, BAE-niň wekilleri girdiler. Güýçli hasaplanylýan Özbegistanyň ýygyndysynyň oýunçylary bu toparda ýer alyp bilmediler. Munuň hem sebäbi, megerem, Mirjalol Kasymowyň şägirtleriniň KHDR-iň garşysyna geçiren duşuşygyny ýeňişli tamamlasa-da, düşnüksiz oýun görkezenliginde bolsa gerek. Indi Hytaýyň topary bilen boljak duşuşykda özbegistanlylar özlerini has oňat tarapdan görkezmeli bolarlar. Hünärmenler özbek futbolçylarynyň çykyş edýän “B” toparçasynyň ýaryşyň iň güýçli toparçasydygyny belleýärler. Bu toparçadan çykmaga birbada üç topar dalaş edýär. 1-nji tapgyryň beýleki duşuşygynda Saud Arabystanynyň ýygyndysy Hytaýyň toparyndan asgyn geldi — 0:1, şonuň üçinem öňdebaryjylaryň duşuşygy uly gyzyklanma döredýär.

Özbegistanyň ýygyndysynyň garşydaşy, halkara arenasynda gazanan zady bolmasa-da, örän güýçli topar hasap edilýär. Saud Arabystanynyň ýygyndysyndan üstün çykansoň, Aziýanyň futbol Konfederasiýasynyň hünärmenleri Hytaýyň toparyndan derwezeçi Wanga Dalei bilen Žang Linpeni bellediler. Bu futbolçylar simwoliki ýygyndynyň düzümine-de girdiler.

Özbegistanlylar öz ilkinji duşuşygyny Sidneýde geçirdiler. Soňra biziň goňşularymyz Brisbene gelip, M. Kasymowyň eserdeň ýolbaşçylygynda dürli taktiki meseleleriň, fiziki maşklaryň üstünde işläp başladylar. Özbegistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, Brisbendäki ajaýyp stadiona hytaýly janköýerleriň 4 müňe golaýynyň ýygnanmagyna garaşylýar. Aslynda Aziýanyň Kubogy — 2015-de bu ýurduň futbol muşdaklary sanynyň köplügi bilen tapawutlanýar.

Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final böleklerinde Hytaýyň we Özbegistanyň ýygyndylary üç gezek duşuşdylar. Özbek futbolçylary güýçli garşydaşdan bir gezek hem ýeňilmediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň