Soňky habarlar

Arhiw

Welaýatlaryň dolandyryş düzümleriniň işi kämilleşdirilýär

13:0513.01.2015
0
3140

Aşgabat, 13-nji ýanwar. “Türkmenportal”

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda sebitleri özgertmek boýunça Milli oba maksatnamasyny amala aşyrmagyň nobatdaky wezipelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Ahal welaýatynyň häkimi M. Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B. Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M. Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B. Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R. Nurmämmedow ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda işleriň barşy, şeýle hem 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde beýan edilen görkezmeler bilen baglylykda görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Şeýle hem welaýat häkimleri sebitlerde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde gurulýan desgalar, olarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada durup geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatlaryň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz kärendeçilere ýerleri bölüp bermek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, bu meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini hem-de ýerleriň hak eýelerine gowuşmagy ugrunda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýerlerde Milli oba maksatnamasyny amala aşyrmaga guramaçylykly çemeleşmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen , etrap häkimleriniň oba hojalyk işlerine, ekinlere ideg edilişine, maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz etrap häkimlerinden edilýän talaby güýçlendirmek, olaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň