Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ekipažy “Dakar — 2015” ýaryşynyň ýarpy bölegini geçdi.

10:1813.01.2015
0
6510

Aşgabat, 13-nji ýanwar, “Türkmenportal”

Bellenilen halka görnüşli ýol ugruna laýyklykda, “Dakar — 2015”-e gatnaşyjylaryň bir günlük Boliwiýa degip geçmegi dünýäniň iň abraýly ralli-reýdiniň ýarpy böleginiň yzda galandygyny alamatlandyrdy. Çiliniň Ikike şäherinden Boliwiýanyň Uýuni kendine çenli aralygy geçmek we yza gaýtmak ýaryşyň marafon diýlip atlandyrylan esasy bölegine öwrüldi. Şunda, ýaryşyň şertine görä, ekipažlar öz toparlarynyň tehniki kömeginden mahrum ýagdaýda galýarlar. Sürüji hem ýolbelet marafonyň dowamynda diňe öz güýçlerine, şeýle-de, ulagda bar bolan ätiýaçlyk şaýlardyr tekerlere bil baglamaly bolýarlar.

Ýoluň ikiýan gyrasynda ekipažlary güler ýüz bilen garşylaýan boliwiýaly janköýerleriň şowhuny, orkestr, girelgäniň ýanyndaky sahna, sepelenýän dürli reňkli kagyz bölejikleri, aýratyn-da, sahnanyň öňünde Boliwiýanyň Prezidenti Ewo Moralesiň hut özüniň durmagy Uýunä gelýän sürüjileri ählihalk baýramynyň hökmürowanlygynyň gujagyna oklaýardy. Tomaşaçylara niýetlenen VIP-münberiň birinji basgançagynda oturan Ýurt baştutany diýseň hoşniýetli we açykdy. Ol türgenler bilen elleşip görşüp, hatda sürüjileriň bile surata düşmek islegleri bilen-de höwes bilen ylalaşýardy.

Öte çylşyrymly ýaryşa gatnaşýan “Jipleriň” arasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirilen 443-nji belgili “G-ForceProto” ulagynyň häzire çenlem bardygyny bellemek ýakymlydyr. Haçan-da, has atly hem tejribeli ekipažlareýýäm “Dakar” bilen hoşlaşmaly bolan bolsalar, türkmen türgenleriniň: sürüji Şamyrat Gurbanowyň we ýolbelet Rafael Gaýnuliniň bäsleşigi dowam etdirmegi piteriň tutuş “G-ForceMotosport” toparynyň sazlaşykly işi bilen baglanyşyklydyr. Bu topara belli sürüji, FIA-nyň Halkara kubogynyň eýesi, Russiýanyň at gazanan sport ussady Boris Gadasin ýolbaşçylyk edýär.

Toparyň iki ekipažy-da sazlaşykly we jebis hereket edýär. Ýoluň çylşyrymly bölekleri geçilende, olaryň birek-birege kömege gelen pursatlary az bolmady. Toparyň tehniki gözegçilik gullugy (onuň düzüminde türkmen ekipažynyň mehanigi Gurban Daňatarow hem bar) öte çarkandakly ýolda ulaglaryň saz işlemegi ugrunda elinde baryny edýär. Toparyň metbugat gullugynyň we türkmen wekiliýetiniň resmi wekili Gulmyrat Agamyradowyň alyp barýan işleri netijesinde bolsa dogduk Diýardaky janköýerlere Ýer togalagynyň beýleki bir böleginden habardyr suratlar almaga mümkinçilik döreýär.

Aşgabatly sürüjileriň özlerine-de berekella diýäýmeli. Olar köp sanly synaglara mertlerçe döz gelýärler. Dogrusy, bäsleşikler adam güýjüniň, şeýle hem awtoulaglaryň tehniki mümkinçilikleriniň çägine syganok. Dakar — hatda köpügören ussatlar üçin-de uly synag.  Şeýle bolansoň, oňa ýaňy gatnaşyp başlanlara nähili kyn düşjegini göz öňüne getiriberiň. Eýýäm birnäçe gije-gündiz bäri ekipažymyz çirim edenok diýen ýaly: ýörite bölegiň pellehanasy daňdana goýulýar, sürüjiler wagtlaýyn düşelgä gelip, ýuwunmaga, suwsuzlygyny gandyrmaga ýetişip-ýetişmänkäler, eýýäm täze tapgyra girişmeli bolýarlar.

Netijede dynç almaga, ulagyň kem-käs ýerlerini düzetmäge wagt azlyk edýär. Şonuň üçin bary bilen bazar eýläýmekden başga alaç galanok. Kä ýerleri daşly, çägeli, belentli-pesli, kä ýerleri bolsa egrem-bugram dag eňňitli, howanyň basyşy üýtgäp duran diňe ralli-reýdlerde gabat gelýän şeýle çylşyrymly ýollarda tejribe ýetmezçiligi-de ýiti duýulýar. Ýollardaky üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmak üçin hereket sazlaşygyny kämilleşdirip durmaly, sürüjilik ussatlygynyň dürli emellerini ulanmaly bolýar. Elbetde, ýoluň wagt tutulmaýan we ýörite bölekleriniň dowamlylygy hem halys surnukdyrýar, her günki geçilýän umumy aralyk 600-900 kilometri öz içine alýar. Awtoulagyň şeýle kuwwatly görnüşler kysmyna diňe bir ilkinji gezek erk etmän, (öň ol diňe T2 kysymdaky ulagy dolandyrdy), eýsem, bu ulag  bilen diňe ýaryşyň öň ýany tanşan Şamyrada hemmelerden kynrak düşýär.

Elbetde, giden argynlyk duýulýar we säwlige ýol bermän bolanok. Bäşinji tapgyrda Şamyratdyr Rafael akkummulýatoryň duýduryş çyrasynyň ýanyp-öçüp durandygyna üns bermänsoňlar, generatoryň işlemeýändigini-de aňşyrmadylar. Haçan-da, akkummulýator çökensoň, ulag togtady we otlanmady. Oglanlar starter döwlendir öýdüp ýalňyşdylar. Gowy zady, sähel salymdan ikinji ekipaž ýetip geldi. Hyzmatdaşlar emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykmaga kömek etdiler, ähli meseläniň generatordadygyny aýdyp, ony çalyşmaga ýardam berdiler. Ine, ýadawlyk sürüjileri şeýle ahwala salyp bilýär, diňe ätiýaçda iki-üç enjamyň bolmagy halas edýär. Her niçik-de bolsa, emele gelen ýagdaýyň ýeňil däldigine garamazdan, ýolbelet öz işiniň aňryýany bilen hötdesinden gelýär. Ekipaž ähli barlag nokatlartyny geçip, bellenilen ugry sypdyrman barýar.

Iki günlük marafonyň birinji böleginde garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy: ýaryşa badalga berlen badyna güýçli ýagyş ýagyp başlady, ýol bada-bat öl boldy, ýaplaryňdyr jarlaryň gurap ýatan hanalaryny suw basyp, düýpli päsgelçilige öwrüldi. Şu pursatda türkmen ekipažynyň işi şowuna bolmady. Ol suw hanasyna düşüp, bu duzakdan özbaşdak çykyp bilmedi. Guramaçylaryň kömegine garaşmaly boldy. Netijede agşama çenli ekipaž düşelgä geldi.

Hawa, bäsleşigiň ýarpy bölegi yzda galdy. Ýaryşa gatnaşyjylara, şol sanda türkmen ekipažyna öňde nobatdaky tapgyrlaryň synagy garaşýar.   

Giňişleýin maglumat uçin: turkmenistan.ru
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň