“Türkmenportalyň” okyjylarynyň pikirine görä, Manuel Noýer — “Altyn pökgi—2014-iň” eýesi

22:5112.01.2015
0
3870

Aşgabat,  12-nji ýanwar,  “Türkmenportal”

“Bawariýanyň” we Germaniýanyň milli ýygyndy toparynyň derwezeçisi Manuel  Noýer “Altyn pökgi —2014” baýragynyň eýesi bolmaga mynasyp. ” Türkmenportalyň” okyjylarynyň aglaba bölegi şeýle pikirde. Biziň saýtymyzda geçirilen ses berlişigiň netijesinde M. Noýer 108 ses aldy. Ses berlişikde ikinji orna 83 ses alan Madridiň “Realynyň” we Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu mynasyp boldy. “Barselonanyň” we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi 78 ses bilen üçünji orunda galdy. Okyjylaryň ýene-de 13-si “Altyn pöki—2014” baýragyna başga futbolçylaryň mynasypdygyny mälim etdi. 

2014-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň gowy futbolçysyna niýetlenen “Altyn pökgi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy häzirki pursatlarda Sýurihde dowam edýär.

FIFA ýakyn çeşmeleriň habar berşi ýaly, soňky maglumatlara görä “Realyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2014-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan ediler. Bu habara laýyklykda, ses berlişikde  K.Ronaldu 37,66%,  Messi 15,76%,  Noýer bolsa 15,72% ses aldy.

Ses berlişige milli ýygyndy toparlaryň tälimçileriniň 181-si, kapitanlarynyň 182-si, şeýle hem habar beriş serişdeleriň wekilleriniň 181-si gatnaşdylar.

Mundan başga-da, resmi dabarada ýylyň iň gowy tälimçisi, dünýäniň simwoliki ýygyndy topary, 2014-nji ýylda iň owadan pökgi geçiren futbolçy, şeýle-de, iň gowy zenan futbolçy mälim ediler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň