ABŞ-nyň 100 million dollary möçberindäki maksatlaýyn karz serişdesi etiň öndürilişini üzül-kesil ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer

23:4010.01.2015
0
2698

Aşgabat, 10-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Ýurdumyz boýunça şu ýyl 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmeli we ýygnap almaly.

Ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaly. Şu wezipeden ugur alyp, 2015-nji ýylda ýurdumyzda 48 sany häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny gurmaly. Şeýlelikde, etiň öndürilişini diri agramda 656,8 müň tonna, süýdüň öndürilişini 2 million 536,4 müň tonna, ýumurtganyň öndürilişini 1 milliard 255,5 milliona, ýüň öndürilişini 49,1 müň tonna ýetirmeli.  

Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberinde ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, telekeçilik pudagynyň paýyny 65 göterime ýetirmek wezipesi biziň öňümizde durýar. Biz ýurdumyzyň telekeçilerine giň goldaw bermek maksady bilen, olara 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollaryna golaý möçberde maksatlaýyn karz serişdelerini bölüp berýäris – diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň