2015-nji ýylda Lebap welaýatynda 2 sany gazturbinaly elektrik stansiýanyň gurluşygyna girişiler

0
409
0
0

Aşgabat, 10-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Türkmenistanyň Prezidenti  ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak we elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdiriljekdigini hem-de şu maksat bilen, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynda Watan we Zerger gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna girişilmeginiň, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwaty 504,4 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanylmagynyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika ulgamyny Gündogar ugry boýunça bir bitewi halka doly birleşdirmäge mümkinçilik berer diýip nygtady.

Bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika ulgamyny Gündogar ugry boýunça bir bitewi halka doly birleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, şu ýyl elektrik energiýasynyň öndürilişini 21,9 milliard kilowat sagada ýetirmäge, 2,89 milliard kilowat sagat möçberdäki elektrik energiýasyny bolsa daşary ýurtlara ibermäge şert döreder. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru