Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda iri desgalaryň 362-sini gurmak bellenildi

23:3010.01.2015
0
3015

Aşgabat, 10-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

2015-nji ýylda ýurdumyzyň gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda 362 sany iri desga gurlup ulanylmaga beriler, şeýle hem 10 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýum serişdeleri özleşdiriler.

5 milliard manada golaý serişde oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin gönükdiriler. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi. Şol serişdeler 11 sany hassahanany, 32 sany saglyk öýüni we saglyk merkezini, 27 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny, 43 sany orta mekdebi, 23 sany medeniýet öýüni gurmak üçin ulanylar.

Şonuň ýaly-da, 8 müň kilometr suw geçirijileri, 269 guýyny, 9866 kilometr lagym ulgamyny, uzynlygy 2320 kilometr bolan awtomobil ýollaryny, 2252 kilometr elektrik geçirijileri gurmaga we olaryň durkuny täzelemek maksat edinilýär.

Şu ýyl umumy meýdany 218 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň