Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

01:0710.01.2015
0
9587

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Ýurdumyz üçin 2014-nji ýylyň ýeňil bolmandygyny açyk aýtmak isleýärin. Biziň ykdysadyýetimiz dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýeti bilen berk baglanyşykly. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän ýaramaz hadysalar, aýry-aýry döwletleriň çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýy ýurdumyza hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär, ykdysady görkezijilerimize ýaramaz täsir edýär. Bu bolsa, bizi ähli çäreleri görmäge, kähalatlarda bolsa, ýüze çykan meseleleri çözmek üçin adaty bolmadyk, gyssagly çäreleri görmäge mejbur edýär.

Şeýle ýagdaý ýurdumyzyň durmuş üpjünçiligi, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda, gurluşykda, medeniýet, kanun çykaryş we maliýe ulgamlarynda, umuman, ähli ugurlarda çözülmeli anyk wezipeleri öňümizde goýýar.

Biz ähli pudaklarda işi üýtgedip guramak, her bir pudakda ýokary netijeleri gazanmak, täze sepgitlere ýetmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledik. Bu wezipeler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Alyp baran tutanýerli işlerimiziň netijesinde, biz 2014-nji ýylda göz öňünde tutan maksatnamalarymyzyň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik. Zerur bolan kanunlary işläp taýýarlamak we öz wagtynda güýje girizmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdik. Bu kanunlar halkymyzyň mizemez däplerini, Garaşsyzlyga we Bitaraplyga, parahatçylyga, raýat agzybirligine we demokratiýa esaslanýan garaýyşlaryny öz içine alýar.

Biz giň gerimli özgertmeleri geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem uly üstünlikleri gazandyk. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,3 göterime barabar boldy. Senagatda 11,1 göterim, gurluşykda 12,8 göterim ösüş gazanyldy. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 6,7 göterim artyp, 49 milliard manatdan gowrak boldy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 33 milliard amerikan dollaryna golaý boldy.

Biz puluň hümmetini hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamagy başardyk. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini hem göz öňünde tutulan çäklerde ýene-de köpeltdik. Mähriban halkymyz öňküsi ýaly elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanyp biler ýaly biz döwlet tarapyndan ýardam bermegi dowam etdik. Ýurdumyzda jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň möçberleri hem ujypsyz bolmagynda galýar.

Biz kabul eden maksatnamalarymyzyň çäklerinde Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleri alyp bardyk. Häzirki döwürde diňe gurluşyga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 51 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup durýar. Diňe bir geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 456 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgany gurup, ulanmaga berdik.

Ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda Bagtyýarlyk känindäki zawody we onuň ýerüsti üpjünçilik ulgamlaryny, umumy kuwwaty 550 megawat bolan 3 sany gazturbinaly elektrik stansiýasyny, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan 8 sany iri elewatory görkezmek bolar. Şeýle hem, «Demirgazyk–Günorta» demir ýoluny, Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlan edara binalaryny, döwrebap myhmanhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezlerini we köp sanly durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik.

Şol desgalaryň hatarynda sagaldyş merkezleri, 13.200 orunlyk 85 sany çagalar bagy, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 91 sany sport mekdebi we orta mekdepler, 1 million 348 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary bar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň her bir welaýatynda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze, döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.

Geçen ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek we ösdürmek wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işleri amala aşyrdyk. Häzirki döwürde telekeçilerimiz döwletiň berýän uly goldawyndan peýdalanyp, dürli ugurlarda giň gerimli işleri alyp barýarlar.

Olar gurluşyk pudagynda, söwda we jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda, oba hojalygynda, senagatda, bilim we syýahatçylyk, mahabat we neşirýat ulgamlarynda uly işleri amala aşyrýarlar. Halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar.

Häzirki döwürde telekeçileriň amala aşyrýan giň gerimli işleri guwanmaga mynasypdyr. Mysal üçin, telekeçilerimiziň Aşgabat şäherinde guran «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi meşhur daşary ýurt firmalarynyň guran desgalaryndan hiç bir babatda pes däldir. Hatda, hili boýunça şol desgalardan has ýokarydyr.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Biz kabul eden maksatnamalarymyza we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda netijeli işleri alyp bardyk. Daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan gatnaşyklarymyzy anyk maksada gönükdirip, yzygiderli ösdürdik. Biziň daşary syýasatymyz Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksatlaryna doly eýermek esasynda amala aşyryldy.

Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygyna sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde garalýar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhüm guraly, özara düşünişmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi Türkmenistanyň jogapkärli, ygtybarly we açyklyga eýerýän hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornunyň has-da berkemegine, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artmagyna ýardam etdi.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Men öň hem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de gaýtalap aýdýaryn: biziň gazanan üstünliklerimiz we ýeten belent sepgitlerimiz mähriban halkymyzyň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldamagynyň netijesinde mümkin boldy.

Biz ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Biz bu ugurda alyp baran işlerimizi merdana halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrdyk. Şoňa görä-de, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, zähmetsöýer halkymyza, umuman, öz halal zähmeti bilen döwletimiziň uly üstünlikleri gazanmagyna ýardam eden, öz mynasyp goşandyny goşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Häzir men şu ýyl amala aşyrmaly wezipelerimiz barada durup geçmek isleýärin. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine itergi berer. Göz öňünde tutan ösüş depginlerimizi üpjün etmäge ýardam eder.

Siziň bilşiňiz ýaly, 2015-nji ýyly biz Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etdik. Şoňa görä-de, biziň alyp barjak işlerimiziň ählisi göz öňünde tutan beýik maksatlarymyza ýetmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, gülläp ösmegine gönükdiriler.

A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmeli. Mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamaly.

Sentýabr aýyna çenli ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny taýýarlamaly we ony ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemeli. Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň, telekeçiligi mundan beýläk-de goldamagyň, maliýe ulgamyny ösdürmegiň, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň hukuk binýadyny berkitmeli. Tebigy baýlyklary gazyp alýan senagaty ösdürmegiň, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny berkidýän kanunlar hem bize gerek.

Häzir Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipeler barada anyk aýdyp durjak däl. Biz bu wezipelere her ýyl Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygymyzda jikme-jik serederis.

R.Meredow, ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri biz geçen ýylyň dekabr aýynda giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň ählisi «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda tutanýerli iş alyp barmalydyrlar. Döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli goramalydyrlar. Diplomatik işgärlerimiz dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmelidirler.

Biz ýurdumyzyň ähli mümkinçiliklerini –geosyýasy taýdan amatly ýerleşişini we oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasy ugrumyzy öňküsi ýaly Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek esasynda netijeli ulanmalydyrys. Dünýäde dawalaryň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine gönükdirmelidiris. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag geçelgelerini döretmek, täze dünýä medeniýetini emele getirmek boýunça bu abraýly halkara Guramasy bilen bilelikde ähli tagallalary etmelidiris.

Daşary syýasat edaramyz ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza guraljak saparlarynyň, halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly.

Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmeli.

A.Goçyýew, maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesi uzak möhlete niýetlenen strategik, pudaklaýyn, anyk maksatlara gönükdirilen we sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlarda ýokary ykdysady ösüş depginlerini saklamak boýunça zerur işleri amala aşyrmak bolup durýar. Pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady görkezijileri deňagramly saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmeli.

Siz maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. Milli pulumyzyň durnuklylygyny we satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmaly. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň we erkin ýörgünli puldaky ätiýaçlyk gorlarynyň möçberleriniň artmagyny gazanmak boýunça zerur çäreleri görmeli.

Ýurdumyzda sazlaşykly we durnukly salgyt-býujet syýasatyny dowam etmeli. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegini gazanmaly. Bu bolsa, býujete gelip gowuşýan serişdeleriň möçberleriniň artmagyna ýardam berer.

Bank ulgamynyň esasy wezipesi öňküsi ýaly, puluň hümmetiniň pese düşmeginiň öňüni almakdan, bu görkezijini göz öňünde tutulan ortaça 6 göterimden geçirmän saklamakdan ybaratdyr. Bank ulgamy pul dolanyşygyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleri bilen zerur möçberde üpjün etmelidir.

Ýurdumyzda alnyp barylýan pul syýasaty öňküsi ýaly esasy wezipäni çözmäge – manadyň daşary ýurt puluna bolan hümmetini saklamaga we onuň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdiriler. Ýurdumyzyň ykdysady ösüş depgininiň durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin banklaryň karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmaly. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini 20 göterim, hususy pudaga we ilata berilýän karz serişdeleriniň möçberini bolsa, 30 göterim artdyrmaly.

Biziň şu ýyl alyp barjak durmuş syýasatymyzyň esasy maksady ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak bolmalydyr. Bu wezipäni amala aşyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlar ulgamynyň işiniň we beýleki ugurlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaly. Şu maksatlardan ugur alyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» we beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etmeli.

B.Hojamuhammedow we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary! Ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şol sanda gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmak we çykarmak, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmeli. Türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler boýunça daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmeli. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, netijeli işleri alyp barmaly.

«Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gazgeçirijisini gurmak boýunça örän möhüm ähmiýeti bolan strategik taslamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän kärhana gurulýar. «Gündogar–Günbatar» gazgeçirijisini we nebitgaz toplumyna degişli beýleki desgalary gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny berkitmäge we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga oňyn şertleri döreder.

Şeýle hem, tebigy gazyň 83,8 milliard kub metrden az bolmadyk möçberde çykarylmagyny gazanmaly. Şol mukdardaky tebigy gazyň 48 milliard kub metrini daşary ýurtlara ibermegi göz öňünde tutmaly.

Şu ýyl nebitiň çykarylyşyny 11 million 110 müň tonna ýetirmeli. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu ugurda gazanylan ösüş depgini 102,9 göterimden ýokary bolmalydyr. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek arkaly nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegi dowam etmeli. Netijede, nebit çig malyny düýpli gaýtadan işläp, taýýar önüm almak, önüm öndürmäge täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu pudagy yzygiderli ösdürmeli. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişini we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

M.Artykow we maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Siziň öňüňizde hem uly wezipeler durýar. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň gurluşyk maksatnamasynyň geriminiň örän giňdigini bellemek isleýärin. Biz şu ýyl 362 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermeli. 10 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýum serişdelerini özleşdirmeli.

Ýurdumyzyň önümçilik-tehniki maksatly pudaklary, öňküsi ýaly, maýa goýumlaryny goýmak üçin ileri tutulýan pudaklar bolmagynda galýar. Bu pudaklaryň ösmegi köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň esasy bölegini bu pudaklara gönükdirmeli.

Biziň gurluşykçylarymyzyň öňünde diňe bir oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin 5 milliard manada golaý serişdeleri özleşdirmek wezipesi durýar. Biz bu serişdeleri 11 sany hassahanany, 32 sany saglyk öýüni we saglyk merkezini, 27 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny, 43 sany orta mekdebi, 23 sany medeniýet öýüni gurmak üçin ulanarys.

Şonuň ýaly-da, 8 müň kilometr suw geçirijileri, 269 guýyny, 9866 kilometr lagym ulgamyny, uzynlygy 2320 kilometr bolan awtomobil ýollaryny, 2252 kilometr elektrik geçirijileri gurmaga we olaryň durkuny täzelemäge gönükdireris.

Bulardan başga-da, şu ýyl umumy meýdany 218 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmeli.

Biz ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak we elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem netijeli dowam ederis. Şu maksat bilen, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynda Watan we Zerger gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna başlamaly. Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwaty 504,4 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyny tamamlamaly.

Bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika ulgamyny Gündogar ugry boýunça bir bitewi halka doly birleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, şu ýyl elektrik energiýasynyň öndürilişini 21,9 milliard kilowat sagada ýetirmäge, 2,89 milliard kilowat sagat möçberdäki elektrik energiýasyny bolsa daşary ýurtlara ibermäge şert döreder.

Siziň esasy wezipäňiz beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde göz öňünde tutulan desgalaryň ählisini ýokary hilli we bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga bermekden ybaratdyr.

A.Ýazmyradow, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Oba hojalygyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmeli. Bu wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, agrosenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly.

Pudaga bütinleý täze, has döwrebap usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaly. Şu maksat bilen, biz tebigaty goramaga, ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmäge, seçgi-tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça möhüm ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirýäris. Ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça yzygiderli iş alyp barýarys.

Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýygnap almak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyz boýunça şu ýyl 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmeli we ýygnap almaly.

Ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaly. Şu wezipeden ugur alyp, 2015-nji ýylda Ahal welaýatynda 15 sany, Balkan welaýatynda 11 sany, Daşoguz welaýatynda 5 sany, Lebap welaýatynda 7 sany we Mary welaýatynda bolsa, 10 sany häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny gurmaly. Şeýlelikde, etiň öndürilişini diri agramda 656,8 müň tonna, süýdüň öndürilişini 2 million 536,4 müň tonna, ýumurtganyň öndürilişini 1 milliard 255,5 milliona, ýüň öndürilişini 49,1 müň tonna ýetirmeli. Bu görkezijiler 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende has ýokarydyr.

Biz şu ýyl beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň we miweleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini hem artdyrmalydyrys.

Suw hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylarynyň öňünde hem uly wezipeler durýar. Ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň işini talaba laýyk guramaly. Suw desgalaryny, akabalary, suw göteriji desgalary abatlamaly we täzelerini gurmaly. Netijede, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, şeýle hem, oba hojalygyny suw bilen doly üpjün etmeli.

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýyl ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek üçin 5 milliard manada golaý serişde gönükdirilýär. Pudagy ösdürmek maksady bilen, Ýewropany we Aziýany birleşdiren halkara demir ýolunyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly. «Ekerem–Madaw» demir ýolunyň gurluşygyna başlamaly. «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» täze demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyny tamamlamaly.

Ulag we aragatnaşyk pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, awtomobil we demir ýol ulaglaryny, suw we howa gämilerini täzelemek, täze demir ýol we howa menzillerini gurmak hem-de bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Ähli ministrlikler, pudak edaralary we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudaklary boýunça daşalýan ýükleriň möçberi nazara alnanda, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň umumy möçberini 542,6 million tonna ýetirmeli. Ýolagçylary gatnatmagyň umumy möçberini bolsa, bir milliard adama ýetirmeli.

Welaýat merkezleriniň ählisinde häzirki zaman ýolagçy awtoulag menzillerini gurmaly. Howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýerli ugurlar boýunça howa gatnawlaryny açmaly. Ýurdumyzyň söwda deňiz flotuny ösdürmeli. Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň gurluşygyny dowam etmeli.

Ulag pudagy bilen bir hatarda ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge hem aýratyn üns bermeli. Telewideniýäni, täze sanly telefon beketleriniň we kompýuter torlarynyň ulgamlaryny, Internet we öýjükli aragatnaşygy, şeýle hem beýleki aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen bu ugurlarda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Bu bolsa, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň, şol sanda Internet, telefon we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň geriminiň has-da giňeldilmegine mümkinçilik berer.

Aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleri alyp barmaly. Şu ýyl öz milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykarmaly. Milli emeli hemranyň mümkinçiliklerini ulanyp, ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny we Internet ulgamyny ornaşdyrmagy dowam etmeli.

S.Toýlyýew, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolan ýokary bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmaly. Täze okuw mekdeplerini gurup, ulanmaga bermäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermeli.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça umumy bilim berýän mekdepleriň sany 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4,6 göterim, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany bolsa, 7,9 göterim artmalydyr. Netijede şu ýyl orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň sany 13,3 göterim köpeler. Şoňa görä-de, täze ýokary okuw mekdepleri, orta mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Ýene-de bir örän möhüm meselä, ýagny türkmen dilini kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns bermeli. Şoňa görä-de, S.Toýlyýew, dilçi alymlardan ýörite topar döredip, düşündirişli we orfografik sözlükleri taýýarlamaly. Sözlükler taýýarlanandan soňra, olary tassyklap, köp möçberde neşir etmeli.

Ylmyň iň soňky gazananlarynyň giňden ulanylýan, senagat-innowasion usullara geçilýän häzirki döwürde ylym ulgamyny ösdürmek uly wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylmy-tehniki binýadyny täzelemegiň we döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ugurda göz öňünde tutulan işler «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokary derejeli ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmeli. Ylym ulgamyny ösdürmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmäge, öňküsi ýaly döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek siziň öňüňizde durýan örän uly we möhüm wezipeleriň biridir. Siz ähli pudaklar we ulgamlar üçin ýokary derejeli ökde hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermeli.

Ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň beýleki bir ileri tutulýan ugruny – saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmek «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şu ýyl «Saglyk» döwlet maksatnamasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan ähli işler doly tamamlanýar. Şoňa görä-de, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze «Saglyk» döwlet maksatnamasyny taýýarlamaly we kabul etmeli. Saglygy goraýyş ulgamynda geçirýän özgertmelerimizi giň gerim bilen dowam etmeli.

Ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze stadionlary we sport desgalaryny gurmagy dowam etmeli.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagy dowam etmeli. Türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň ýaşlaryny sport we olimpiýa hereketine has işjeň çekmeli. Olimpiýa şäherjiginiň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny tamamlamaly.

Halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmeli. Bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmek öňküsi ýaly ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galar.

M.Ýazmuhammedowa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Şu ýyl medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň döredijilik hem-de hünär taýdan ösmegi we kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda 11 sany teatr, 36 sany muzeý, 230 sany kitaphana işleýär. Oba ýerlerinde ýene-de 14 sany Medeniýet öýüni gurmak göz öňünde tutulýar. Biz medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrarys.

Şunuň bilen baglylykda, dürli halkara medeni çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli. Şol sanda, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmeli.

Ýurdumyzda neşirýat işini kämilleşdirmäge, neşir önümleri senagatynyň kuwwatyny artdyrmaga aýratyn üns bermeli. Şu maksat bilen, şu ýyl Aşgabat şäherinde iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň gurluşygyny tamamlamaly we bu toplumy açyp, ulanmaga bermeli.

Ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermeli. Teleradioýaýlymlar jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri giňden beýan etmelidirler. Ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini wagyz edip, dünýä ýaýmalydyrlar. Ýurdumyzyň Milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň işläp başlamagy bilen, uly mümkinçilikler döreýär. Şol mümkinçilikleri ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynyň gerimini giňeltmek üçin doly we netijeli ulanmaly.

Medeniýet ulgamynyň maddy binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu maksat bilen, welaýat merkezleriniň her birinde medeni desgalaryň birnäçesini, dynç alyş zolaklary toplumlaryny we söwda merkezlerini açyp, ulanmaga bermeli.

Ýene-de bir möhüm wezipe – döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaly we geçirmeli.

P.Taganow we söwda toplumynyň ýolbaşçylary! Söwda pudagynyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Şeýle hem, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we supermarketleriň gurluşygyny yzygiderli alyp barmaly.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmeli.

Biz şu ýyl hem döwletimiz tarapyndan telekeçilere goldaw bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis. Telekeçiligi goldamak boýunça ähli çäreleri göreris, bu ugurda täze usullaryň giň toplumyny durmuşa ornaşdyrarys.

Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberinde ýangyç-energetika toplumy hasaba alynmanda, telekeçilik pudagynyň paýyny 65 göterime ýetirmek wezipesi biziň öňümizde durýar. Biz ýurdumyzyň telekeçilerine giň goldaw bermek maksady bilen, olara 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollaryna golaý möçberde maksatlaýyn karz serişdelerini bölüp berýäris!

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew, bölünip berilýän serişdeleri mähriban halkymyzy et-süýt önümleri bilen arzan bahalardan üpjün etmäge, maldarçylyk hojalyklarynyň we fermalaryň işini talaba laýyk guramaga, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge gönükdirmeli.

B.Ereşow we senagat toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýyl ýurdumyzyň senagat pudagynda alyp barýan syýasatyny senagaty innowasiýa esasynda durnukly ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga gönükdirmeli.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dünýä bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmeli. Şeýle hem, ykdysady we tehnologik ulgamlarda ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmeli.

Biz bu syýasaty alyp barmagyň çäklerinde bäsleşige ukyply we eksporta niýetlenen harytlary öndürmegi guramaly. Bu ugurda netijeli işleri alyp barmaly we hyzmatlary ýola goýmaly.

Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagatda, hyzmatlar ulgamynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň çig mala bagly bolmagyny yzygiderli azaltmaly. Biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmegiň hasabyna özümizde öndürilýän harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek meselesini çözmeli.

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün edýän pudaklaryň biridir. Şu ýyl iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem Garabogaz şäherinde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän kärhananyň gurluşygyny dowam etmeli.

Ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyk işlerini zerur bolan materiallar bilen üpjün etmek üçin, gurluşyk materiallary pudagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberlerini has-da artdyrmaly. Biz bu wezipäni hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze kärhanalary gurup, ulanmaga bermek arkaly çözmelidiris.

Şu ýyl balykçylyk pudagynyň ösüşini täze derejä çykarmaly. Ýurdumyzda bar bolan suw howdanlarynyň mümkinçiliklerini rejeli ulanyp we üznüksiz önümçiligi ýola goýup, biz bu wezipäni üstünlikli çözüp bileris. Balykçylyk pudagynyň kärhanalaryny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler hem bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Geçiriljek bu çäreler balyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga, gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny täzelemäge mümkinçilik berer.

Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleri öz ýolbaşçylyk edýän etraplarynda 2017-nji ýyla çenli binalary we desgalary gurmagyň meýilnamasyny gysga wagtyň içinde taýýarlap, seretmek üçin bersinler.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow, Siz paýtagtymyzda binalary we desgalary gurmagyň umumy meýilnamasynyň üstünde işläp, taýýarlanan meýilnamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin hödürläň!

Eýýäm häzirki döwürde ak mermere beslenen paýtagtymyz öz gözelligi bilen ýurdumyza gelýän myhmanlary haýran galdyrýar. Ýöne, muňa garamazdan, entek paýtagtymyzy ösdürmek boýunça biziň köp işleri etmelidigimizi bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, A.Goçyýew, Döwlet býujetinde paýtagtymyzy ösdürmek üçin zerur bolan serişdeleri her ýyl göz öňünde tutmaly.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow, Siz paýtagtymyzda gurluşyk işlerini alyp barmak üçin zerur bolan goşmaça serişdeleri çekmek arkaly gurulmagy göz öňünde tutulan binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna girişiň!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Görşüňiz ýaly, biz şu ýyl örän giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bu maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmekde döwlet dolandyryş edaralaryna, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Ähli derejedäki ýolbaşçylar geçen ýyldaky ýaly agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işläp, öz öňlerinde durýan wezipeleriň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetirmelidirler!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!

Şu günki mejlisimizi tamamlamak bilen, bar bolan kynçylyklara garamazdan, öz maksatlaryna ýetmek - bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmak ugrunda berkarar Watanymyzyň öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemek isleýärin!

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Men siziň ähliňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, mähriban halkyma bolsa, abadan we bagtyýar durmuş arzuw edýärin! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň