Soňky habarlar

Arhiw

Manadyň daşary ýurt walýutasyna gatnaşykda hümmetini durnukly saklamak üçin banklaryň karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmaly

17:5109.01.2015
0
3937

Aşgabat, 9-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Milli puluň hümmetiniň pese düşmegine ýol bermeris. Bu görkezijini göz öňünde tutulan ortaça 6 göterimden geçirmän saklamalydyrys – diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wezipe goýdy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan pul syýasaty öňküsi ýaly esasy wezipäni çözmäge – manadyň daşary ýurt puluna bolan hümmetini saklamaga we onuň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdiriler – diýip, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.  Şunuň bilen baglylykda şeýle görkezme berildi: -Ýurdumyzyň ykdysady ösüş depgininiň durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin banklaryň karz beriş işjeňligini ýokarlandyrmaly. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende şu ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini 20 göterim, hususy pudaga we ilata berilýän karz serişdeleriniň möçberini bolsa, 30 göterim artdyrmaly. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň