Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti deputatlaryň ünsüni kanunçykaryjylyk işindäki iň möhüm ugurlara gönükdirdi.

17:3409.01.2015
0
2579

Aşgabat, 9-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Sentýabr aýyna çenli ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze taslamasyny taýýarlamaly we ony ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemeli. Şu gün bu barada aýtmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni kanunçykaryjylyk işindäki iň möhüm ugurlara gönükdirdi.

Milli Liderimiz oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň, telekeçiligi mundan beýläk-de goldamagyň, maliýe ulgamyny ösdürmegiň, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň hukuk binýadyny berkitmeli diýip, tebigy baýlyklary gazyp alýan senagaty ösdürmegiň, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny berkidýän kanunlaryň hem gerekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň öňünde durýan wezipeler barada her ýyl Mejlisiň deputatlary bilen geçirilýän duşuşykda jikme-jik garaljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň