Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 456 sany desga gurlupdyr

0
451
0
0

Aşgabat, 9-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

-Biz kabul eden maksatnamalarymyzyň çäklerinde Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleri alyp bardyk. Häzirki döwürde diňe gurluşyga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 51 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup durýar. Diňe bir geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 456 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgany gurup, ulanmaga berdik – diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda brelläp geçdi.

Ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda Bagtyýarlyk känindäki zawody we onuň ýerüsti üpjünçilik ulgamlaryny, umumy kuwwaty 550 megawat bolan 3 sany gazturbinaly elektrik stansiýasyny, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan 8 sany iri elewatory görkezmek bolar. Şeýle hem, «Demirgazyk–Günorta» demir ýoluny, Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlan edara binalaryny, döwrebap myhmanhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezlerini we köp sanly durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik.

Şol desgalaryň hatarynda sagaldyş merkezleri, 13 200 orunlyk 85 sany çagalar bagy, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 91 sany sport mekdebi we orta mekdepler, 1 million 348 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary bar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru