Messi «Çelside»?

0
632
0
0

Aşgabat, 8-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Messi üç sebäbe görä “Barselonany” “Çelsä” çalşyp biler?

1. Baş tälimçi bilen agzalalyk

Messi hepdäniň başynda  toparynyň açyk türgenleşigine barmady. Ol aşgazany agyranlygy sebäpli gelip bilmändigini aýdyp, türgenleşige tomaşa etmäge baran çagalardan «Facebook» arkaly ötünç sorady. Emma baş tälimçiniň öňünde özüni ýazykly duýmady.

Ýazgylaryndan çen tutsaň, onuň çagalaryň öňünde özüni oňaýsyz duýýandygyny görmek bolýar. Emma “Tälimçi babatda ol şeýle ahwaly başdan geçirýärmikä?” diýen sowal döreýär. Ol ýarawsyzlygy barada tälimçä hem, toparyň lukmanyna hem habar bermändir.

 “Marca” neşiriniň ýazmagyna görä, Messi Enrikäni (baş tälimçi) “Barselonany” häzirki düşen çylşyrymly  ýagdaýyndan alyp çykmaga ukypsyz hasaplaýar. Bu dawa  “Barselona” bilen “Real Sosýedadyň” arasyndaky oýundan gözbaş alýar. Kataloniýalylaryň 0:1 hasabynda utulan şol oýnunda Messi hem edil Neýmar ýaly diňe ikinji ýarymda meýdança goýberildi.

 Oktýabrda “Eýbar” (3:0) bilen geçirilen oýunda Enrike Messini ätiýaçdakylaryň hataryna geçirmek isledi. Emma şonda ol meýdançany terk etmekden ýüz öwrüpdi. “Barsanyň” janköýerleri şol pursatdan dowula düşüp başlamalydylar.

2. Ronaldudan kem galmajak bolmak

2014-nji ýylyň ýaz aýlarynda Messi diýseň netijesiz oýnady, şonda žurnalistleriň köpüsi onuň ähli pikiri dünýä çempionaty bilen baglydyr diýip pikir etdiler. Dünýä çempionatynda ol diňe toparçadaky oýunlarda tapawutlandy. 1/8 finaldan başlap weli hatda netijeli paslary bilenem tapawutlanmady.

 Şu möwsümde ol Ispaniýanyň çempionatynda 15 pökgini tora salady. Ýöne “Real” bilen geçirilen oýunda netijesiz çykyş etdi. Şunuň ýaly şowsuz ýyllar Messide soňky wagtlarda asla bolmandy.

Messiniň ezeli basdaşy Ronaldu 2014-nji ýylda rekord yzyna rekord goýdy. Dogry, Madridiň “Realy” çempion bolup bilmedi. Emma soňky kän ýyllarda ýetmedik sepgidine ýetip, Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Ronaldu bu ýaryşda 17 sapar tapawutlanyp,  ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy. Şonça sapar tapawutlanmak ozal hiç kime miýesser etmändi.

 Interwýu berenlerinde näme diýýänem bolsalar, türgenleriň hemmesi hem öz bäsdeşlerinden ökde çykmak arzuwyny hemra edinip ýaşaýarlar. Messiniň özi ýaly asly “kosmosdan” hasap edilýän Ronaldunyň  yzyna eýermek üçin oýnaýan toparyny  üýgetmek isleýän bolmagy mümkin.

3. «Аdidas»-yň eşiginde Maurinýonyň ýolbaşçylygynda Fabregas bilen egin-egne berip oýnamak

Golaýda Messi “Çelsiniň” oýunçylary Felipe Luisiň we Tibo Kurtuanyň «Instagram» -daky sahypasyna ýazyldy. Ol geçen ýylyň tomsunda özüne “Çelsiden” teklip gelendigini, ýöne ony kabul etmändigini aýdypdy. Soň bolsa bardy-geldi “Barselona” bilen ýollary aýrylan ýagdaýynda APL-de (Angliýanyň Premýer-ligasy), onda-da hut “Çelside” oýnamak isleýändigini sözüniň üstüne goşupdy.

 Geçen ýylyň güýzünde Ispaniýanyň AS neşiri Argentinanyň “DirecTV” ýaýlymynyň žurnalisti Fabian Goroýyň Messi bilen taýýarlan interwýusyny çap edipdi. Şol söhbetdeşlikde Messiniň “Çelsä” geçmek üçin iňlis dilini öwrenip ýörendigi aýdylýardy. Onsoňam Goroý “Adidas”-yň hem uly täsiriniň bardygyny, onuň howandarlyk edýän toparynda (“Çelside”) Messiniň oýnamagyny möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, bu kompaniýanyň Messiniň bahasynyň belli bir bölegini tölemäge taýýardygyny nygtaýardy.

“Çelsiniň” ýarymgoragçysy Sesk Fabregasyň Messiniň ýegre dostudygy hem onuň bu topara geçmegine öz tasirini ýetirip biler.

Ýöne ýene bir sebäp bar. Messi näme üçin “Barselonada” galar?

Bir gezek Messi: “Eger “Barselona” bolmadyk bolsa, meniň nireden çykjakdygym belli däldi” diýipdi.  Somatotropin gormonynda näsazlyk döräp, boýunyň ösmeýänligine garamazdan, Messini 13 ýaşynda “Barsanyň” akademiýasyna  kabul edýärler. Şeýlelikde, “Barsa” ondan dünýä derejesindäki futbol ýyldyzy bolmagyna ýol açýar. Şonuň üçin Messiniň “Barsa” elmydama minnetdar bolup gezýändigini aýtmalydyrys.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru