Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda maýyl howa ornuny ýene-de az wagtlyk sowuk günler bilen çalyşar

12:4708.01.2015
0
10988

Aşgabat, 8-nji ýanwar. «Türkmenportal».  

Türkmenistanda maýyl günleriň ornuna az wagtlyk sowuk günler geler. Eger 7-nji ýanwarda tebigat bize gyşyň örküjinde hakyky ýazyň gününi peşgeş beren bolsa, 8-nji ýanwar güýz howasyny ýatlatdy. “Яндекс”-iň habar bermegine görä, 9-njy ýanwarda gyş öz hökümini ýöreder, hatda az wagtlyk gar hem ýagar. Ozal habar  berşimiz ýaly, 26-njy noýabrda Aşgabatda ilkinji gar ýagypdy.

“Яндекс”-iň maglumaty boýunça aýazly howa bary-ýogy 3 gün dowam eder. 12-nji ýanwardan ýene-de maýyl günler başlanar, ýöne ol şu hepdäniň başyndaky ýaly yssa ýakyn maýyl howa däldir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň