Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda iki sany häzirkizaman sport mekdebi ulanmaga berildi

12:0007.01.2015
0
3712

Aşgabat , 7-nji ýanwar. «Türkmenportal».  

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky Mollanepes adyndaky şäherçede we Mülkamaşa geňeşliginde 365 we 350 orunlyk häzirki zaman sport mekdepleri ulanmaga berildi.

Sport mekdepleriniň ikisem döwrebap taslamalar esasynda gurlup, olarda tälimçiler we türgenler üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, şaşka we küşt bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle-de, aýratyn trenažýor zaly, mini-futbol, woleýbol, basketbol, gandbol oýnamak üçin zallar, tälimçiler we administrasiýa üçin iş otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Sport mekdepleriniň daş-töweregi ýaşyl baglyga bürenip, ýanýodalar we seýilbaglary sport meýdançalaryna alyp barýar.

  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň