Soňky habarlar

Arhiw

“Berkarar” gämisi Astrahan oblastyna ol ýerdäki orta mekdep üçin gurluşyk materiallaryny eltdi

01:5107.01.2015
0
12319

Aşgabat , 7-nji ýanwar. «Türkmenportal». 

6-njy ýanwarda Russiýanyň Astrahan oblastynyň günortasynda ýerleşýän Olýa portuna RO-PAX kysymly “Berkarar” gämisi bardy.

Awtomobil daşaýan we ýolagçy gatnadýan bu gämi özüniň ilkinji ýüzüşinde Astrahan oblastyna gurluşyk serişdelerini eltdi. Bu serişdeler türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina ediljek 350 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi gurmak üçin niýetlenendir. 

Iki döwletiň baýdaklary, bannerler bilen bezelen portda gämini resmi adamlar, ýerli administrasiýanyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, Astrahanyň köpsanly ýaşaýjylary garşyladylar.

“Berkarar” gämisiniň kapitany Meretmämmet Durdyýew astrahanly žurnalistler üçin täze gämi bilen tanyşlyk gurady. Ol: “Astrahana ýüzüşimiz 24 sagat dowam edip, diýseň asuda geçdi” diýip gürrüň berdi.

Gäminiň ýüki düşürilenden soň, uly ýükli awtomobilleriň 30-syndan ybarat ulag kerweni Olýa portundan 180 kilometr aralykda ýerleşýän Funtowo obasyna tarap ugur aldy.

Astrahan oblastynda türkmen medeniýetiniň özboluşly merkezine öwrüljek mekdebiň guruljak ýerinde biziň ýurdumyzyň wekillerini—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny garşylamak dabarasy boldy.

 Olara iki halkyň dostlugynyň nyşanyna öwrüljek bu möhüm desgany gurmak ynanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň