Aşgabatda «Meniň Watanym - Türkmenistan» atly sergi-bäsleşik açyldy

0
2437
19
1

Aşgabat, 5-nji ýanwar. «Türkmenportal». 

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň Çagalar çeperçilik mekdepleriniň we Sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň «Meniň Watanym - Türkmenistan» atly sergi-bäsleşigi açyldy.

Sergä 150-den gowrak işler hödürlenip, olarda türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň daşky gurşawa we milli medeniýete näderejede söýgi bilen garaýandygy barada gürrüň berilýär.

 Döredijilik bäsleşiginde birinji orny Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ýazgeldi Ylýasow, ikinji orny Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň Çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Fatima Akberowa bilen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Şemşat Haklyýewa eýeledi.

 Üçünji orna Daşoguz welaýatynyň Çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Dilnara Polatowa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Gülälek Sadykowa hem-de Ahal welaýatynyň Ak Altyn etrabynyň Çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Atanyýaz Annageldiýew mynasyp boldy.

Çäräniň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar, oňa gatnaşyjylara bolsa hormat hatlary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň ýäş suratkeşleriniň durmuşyndaky möhüm waka bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmeni Annaberdi Annamyradow, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Saparmmämet Meredow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nuwwaýew gutladylar.

«Türkmenportalyň» işgärleri «Meniň Watanym - Türkmenistan» atly şekillendiriş sungatynyň sergi-bäsleşigine gatnaşan ýaş suratkeşleriň ählisini üstünlikli çykyşlary bilen gutlaýar hem-de ýaş suratkeşleriň iň özüneçekiji işleri bilen «Fotoreportaž»atly rubrika arkaly tanyşmaga çagyrýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru