“Şirleriň arasynda ýeke özi” atly çykyşa tomaşaçylar şowhunly el çarpyşýarlar

0
624
0
0

Aşgabat, 5-nji ýanwar. «Türkmenportal».

 Täze ýyl baýramynyň dabaralaryndaky iň ýatdagalyjy wakalaryň biri  «Rosgossirkiň» artistleriniň “Şirleriň arasynda ýeke özi” atly çykyşy  boldy. «Туркменистан: золотой век» elektron gazeti olaryň her bir çykyşynyň köp adamly bolýandygy munuň aýdyň şaýadydyr diýip ýazýar.

Russiýaly artistleriň ilkinji çykyşyndan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy ýaýbaňlanýar. Olar ozal sirk artistleriniň çykyşlaryny jemleýän bolsalar, bu gezek: “Biziň arenamyza hoş geldiňiz!” diýýän ýaly, myhmanlary ajaýyp tomaşa çagyrýarlar.

 Soňra akrobat masgarabazlar “Deňiz halas edijileri” diýen çykyş bilen orta çykýarlar. Welofiguraçy Aleksandr Witkowskiý welosipedi sürüp barýan mahalyň ony abatlabam bolýandygyny we dolandyryjynyň üstünde oturyp, yzky tigriniň kömegi bilen sürüp bolýandygyny görkezdi.

Howa gimnastikaçysy Milena Sidorenkonyň darbazçylyk oýunlary, “Ikar oýunlary” atly çykyşy, şeýle-de Igor Maýorowyň ýolbaşçylygyndaky «Русичи» atly akrobatik toparyň görkezen tomaşasy-da ýatdagalyjy boldy.

Soňra köp garaşylan pursat gelip ýetdi. Ukrainanyň at gazanan artisti, halkara bäsleşikleriniň 3 gezek altyn medalynyň eýesi (Moskwa, Budapeşt, Ižewsk), Sankt-Peterburgdaky sirk festiwalynyň birinji baýragynyň eýesi, “Monte-Karlodaky (Monako) festiwalyň “Kümüş masgarabaz” baýragynyň eýesi Wladislaw Gonçarow haýwanlaryň şasyny eldekileşdirmekde näderejede ussatlyga ýetendigini görkezdi. Esasanam, ýyrtyjynyň agzyna başyny goýmak bilen görkezen çykyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Eldekileşdiriji sportuň täze görnüşi bolan kross-fitness bilen meşgullanýar. Ol:

-Sport maňa özümi hemişe gowy duýmagyma kömek edýär. Siziň ajaýyp paýtagtyňyza gelen badyma Aşgabadyň fitness klublarynyň birine gidip, türgenleşdim. Ähli tomaşaçylaryma Täze ýylda sport bilen ysnyşmagy arzuw edýärin. Ol sizi kesellerden gorar we durmuşyň şatlygyny duýmaga kömek eder – diýip, Wladislaw Gonçarow gürrüň berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru