Soňky habarlar

Arhiw

Myratberdi Sopyýewiň 85 ýyllyk ýubileýi

18:3504.01.2015
0
2762

Aşgabat, 4-nji ýanwar. «Türkmenportal».

3-nji ýanwarda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy, belli oba hojalyk işgäri Myratberdi Sopyýewiň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Gämi obasyndaky häzirki zaman Medeniýet öýünde geçirilen dabarada çykyş edenler tutuş ýurdumyza belli bolan, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan Myratberdi aganyň durmuş ýolunyň tapgyrlary, onuň ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde eýelän mynasyp orny hakynda gürrüň berdiler.

Meşhur oba hojalyk işgäriniň hormatyna geçirilen dabarada oňa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgat gowşuryldy. Munuň özi Myratberdi aga ýaly oba hojalygynyň ösdürilmegine tutuş ömrüni bagyş eden tanymal ekerançylara milli Liderimiz tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň